Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum açyldy

  • 23.04.2025 11:30
  • 2k+

Şu gün, 23-nji aprelde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady.

Forumyň ýurdumyzyň häzirki döwürdäki maýa goýum mümkinçilikleri barada düşünjeleri giňeltmegi, milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmagy, kärhanalaryň, guramalaryň, kompaniýalaryň hem-de maliýe düzümleriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny we göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin geljekki maýadarlary, gyzyklanma bildirýän taraplary bu işe çekmegi, döwletimiziň işewürlik abraýyny pugtalandyrmagy maksat edinýär.
Forumyň maksatnamasynyň çäklerinde iki günüň dowamynda “Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we monetizasiýa”, “Gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlaryna aýratyn üns berip, Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmak”, “Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýum mümkinçilikleri: nebit we nebithimiýa”, “Önümçiligi ösdürmek hem-de senagat, oba hojalyk, dokma we azyk önümleriniň eksport möçberlerini artdyrmak” ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar geçiriler. Forumyň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň hususy pudagyny ösdürmegiň geljegine, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere garamak hem meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, önümçilik kuwwatlyklaryny, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça milli taslamalara, Türkmenistany dünýä derejesinde harytlary ibermekde bäsdeşlige ukyply döwlet hökmünde görkezmek maksady bilen, ýurdumyzda öndürilýän önümleri halkara bazarlara ibermegiň möçberlerini artdyrmak boýunça strategiýalara syn berler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara iberen gutlagynda bu halkara çäräni ýokary derejede geçirmäge döredilen mümkinçilikler üçin Malaýziýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi we forumyň maýa goýumlary çekmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we işjeň gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynanýandygyny beýan etdi.


09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......