Ýerde ilkinji bägülleriň hakyky reňki anyklanyldy: olar sary eken

  • 23.04.2025 00:35
  • 3.2k+

Pekiniň tokaý hojalygy uniwersitetiniň alymlary häzirkizaman bägülleriniň ýedi bölek ýaprakly sary bir bitewi gülýaprakly gülden gelip çykandygyny anyklady. Ylmy gözlegiň netijeleri Nature Plants žurnalynda neşir edildi.

Topar döwrebap genetiki usullaryň kömegi bilen 80 dürli görnüşe degişli 205 bägül nusgasyny öwrendi. Olar dürli ösümlikleriň nähili baglanyşýandygyna düşünmäge kömek edýän 707 genetiki markeri ulandy. Netijede, olar bägülleriň umumy “urug başysynyň” sary bolandygy baradaky netijä geldi.
Bu açyş bägülleriň Merkezi Aziýadan gelip çykandygy baradaky nazaryýeti ret edýär. Ylmy gözlegçiler Hytaýda bägül görnüşleriniň has köpdürli bolan iki sebitini tapdy: gurak demirgazyk-günbatar we çygly günorta-günbatar.
Bägülleriň häzirkizaman şekilleriniň we reňkleriniň köpdürlüligi bolsa XVIII asyrda hytaý we ýewropa görnüşlerini gibridleşdirmek bilen başlanan çaknyşdyrmanyň netijesinde peýda bolupdyr.
Şeýle-de, alymlar ýabany bägüllerde kesellere we gurakçylyga çydamlylyk ýaly gymmatly genetiki aýratynlyklary ýüze çykardy. Bu tapyndylar diňe bir owadan däl, eýsem klimat üýtgemelerine çydamly täze bägül görnüşlerini döretmäge kömek eder. 


düýn 08:10
4.6k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......