Tesla täze arzan bahaly elektromobiliniň çykarylyşyny yza süýşürdi

  • 22.04.2025 11:55
  • 3.2k+

Tesla kompaniýasy ABŞ-da «Model Y» krossoweriniň arzan görnüşiniň önümçiligine başlamagy yza süýşürdi. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar berýär.

Kompaniýanyň içki resminamalarynda «E41» diýip atlandyrylýan bu modeli ýylyň birinji ýarymynda öndürip başlamak meýilleşdirilýärdi. Emma çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, önümçilige başlamak, azyndan, birnäçe aý yza süýşürildi. Gijikmäniň sebäbi entek belli däl. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kompaniýa şeýle görnüşli elektromobillerden 2026-njy ýylda ABŞ-da 250 müň sanysyny satmagy maksat edinýär.

Köp sanly alyjylar Tesla-nyň täze we arzan bahaly modelleriniň bazara çykmagyna köp wagtdan bäri garaşýarlar. Çeşmelere görä, Tesla diňe bir «Model Y-niň» arzan görnüşini däl, eýsem «Model 3» sedanynyň hem has elýeterli wersiýasyny çykarmagy meýilleşdirýär.

Soňky döwürde, Tesla birnäçe kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy. Geçen ýylyň netijelerine görä, kompaniýanyň satuwy ilkinji gezek azaldy (1,1% peselip, 1,79 million elektromobil satyldy). Analitikleriň pikirine görä, bu ýagdaý dünýäniň köp ýurtlarynda elektromobillere bolan islegiň azalmagy, Tesla-nyň modelleriniň könelmegi hem-de kompaniýanyň ulag hatarynda arzan bahaly elektromobiliň ýoklugy bilen baglanyşykly.

Şu ýyl hem Tesla Ýewropa Bileleşiginde satuwlarynyň düýpli azalmagyna we kompaniýanyň esaslandyryjysy Ilon Maskyň çykyşlary bilen Donald Trampyň administrasiýasyndaky işi sebäpli ýüze çykan protestlere sezewar boldy. Mundan başga-da, beýleki awtoulag öndürijiler ýaly, Tesla hem ABŞ-da girizilen täze gümrük paçlaryndan zyýan çekip biler.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......