Dünýäde emeli aň bilen enjamlaşdyrylan ilkinji atom elektrik stansiýasy peýda boldy

  • 21.04.2025 23:17
  • 7.7k+

Kaliforniýada (ABŞ) işläp duran ýeke-täk atom elektrik stansiýasy bolan Diablo Canyon-yň işgärleri tehnologik resminamalary dolandyrmak üçin emeli aňdan peýdalanyp başladylar. Bu çözgüt stansiýanyň 2029-njy ýylda işden çykarylmagyna taýýarlyk görülýän döwri kabul edildi diýip, «Gizmodo» habar berýär.

Ýapylmagyna az wagt galandygyna garamazdan, stansiýanyň ýolbaşçylary sanly infrastruktura maýa goýmagy makul bildiler. «Neutron Enterprise» diýlip atlandyrylýan emeli aň Oak Ridge National Laboratory bilen hyzmatdaşlykda döredilen «FERMI» atly modeliň esasynda işlenip düzüldi.
Bu neýrotor resminamalaryň gözlegini we seljerilmegini çaltlaşdyrmak üçin niýetlenendir. Ulgam optiki nyşanlary tanamak (OCR) hem-de goşmaça maglumat çykarmak (RAG) ýaly tehnologiýalardan peýdalanýar. Munuň netijesinde, işgärleriň maglumat tapmak üçin sarp edýän wagty ep-esli azalýar.
Emma, hakykatda, bu tehnologiýanyň atom stansiýasynyň infrastrukturasyna ornaşdyrylmagy hünärmenleriň we döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda alada döretdi. Olar «maşyn aňynyň tehnologiýalarynyň» heniz doly we giňişleýin synagdan geçmändiginden, şeýle hem onuň hereketlerini öňünden kesgitläp bolmaýandygyndan, bu ýagdaýyň hatda ujypsyz bir säwlikde-de howply netijelere getirip biljekdiginden alada bildirýärler.


30.05.2026 13:39
1.5k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....

19.05.2026 08:02
5.4k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

11.05.2026 18:16
5.1k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

13.04.2026 00:13
4.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....