22-24-nji aprelde Ýeri magnit tupanlary gurşap alar

  • 21.04.2025 18:30
  • 7.1k+

22-nji aprelde Aşgabat wagty bilen 20:00 töweregi G1 derejeli magnit tupany başlar. Ertesi gün onuň kuwwaty G2 derejesine çenli güýçlener. Muny Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň saýtynda ýerleşdirilen shema delillendirýär.

Ozal alymlar magnit tupanlarynyň üç güne çenli dowam edip biljekdigini habar beripdi. Hünärmenler 19-njy aprelde duşenbe güni agşam tolgunmalaryň başlajakdygyny we olaryň iki gün dowam etjekdigini çaklady. Şol bir wagtyň özünde, üç günlük täsiriň boljakdygy hem göz öňünde tutuldy.
20-nji aprelde Gün astronomiýasynyň barlaghanasy çaklamany täzeledi. Magnit tupanlarynyň ýokary derejesi duşenbe gününden sişenbe gününe geçdi. Tupanlaryň derejesiniň gowşakdan ortaça çenli bolmagyna garaşylýar.
Magnit tupanlary Gün alawlamalary sebäpli Ýeriň magnit meýdanynyň güýçli tolgunmalarydyr. Olar birnäçe sagatdan birnäçe güne çenli dowam edip bilýär. Olaryň derejesi bolsa G1-den G5-e, ýagny gowşakdan has güýçlä çenlidir. 


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...