Maks Werstappen gazanylan utuk boýunça Formula-1-iň taryhynda ikinji orna çykdy

  • 21.04.2025 13:34
  • 2.4k+

“Red Bull” toparynyň niderlandly ýaryşa gatnaşyjysy Maks Werstappen gazanylan utuklaryň sany boýunça “Formula-1-iň” taryhynda ikinji sürüji boldy. Ol “patyşalyk ýaryşlarynyň” dört gezek çempiony Sebastýan Fettelden öňe geçdi.

Saud Arabystanynyň Gran-prisinde ikinji orny eýeländen soň, Werstappen öz hasabyny 3110,5 utuga çenli artdyrdy. Karýerasyny tamamlan Fetteliň hasabynda 3098 utuk bar.
Reýtingde birinji orny “Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony, “Ferrariniň” britaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton eýeleýär – onuň hasabynda 4893,5 utuk bar.


19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....