«Tesla Model 3» 2025-nji ýylyň iň tygşytly elektromobili diýlip ykrar edildi

  • 20.04.2025 23:43
  • 3.1k+

Zutobi analitika kompaniýasynyň geçiren gözlegine görä, «Tesla Model 3» ulagy 2025-nji ýylyň iň tygşytly elektromobili boldy. Gözlegiň çäklerinde ABŞ-da elektrik energiýasynyň ortaça bahasy göz öňünde tutulyp, 100 mil (160 km) ýol geçmegiň çykdajylary deňeşdirildi. Bu barada «Teslarati» ýazýar.

57,5 kWt-sagatlyk batareýaly we yzky tekerlerden herekete getirilýän «Tesla Model 3» 260 mil (420 km) ýol geçip bilýär we 100 mil (160 km) ýol üçin çykdajy bary-ýogy 3,60 dollara düşýär. Diýmek, 100 dollarlyk elektroenergiýa bilen bu ulagda 2781 mil (4500 km) ýol geçip bolýar.
Ikinji orunda 75 kWt-sagatlyk batareýasy we 325 mil (520 km) aralyk geçmek ukyby bilen «Tesla Model 3 Long Range» ýerleşýär. Bu model bilen 100 mil (160 km) ýol üçin çykdajy 3,75 dollara düşýär.
Üçünji orunda «BMW i4 eDrive35» ýerleşýär. Bu model 100 mil (160 km) ýol üçin 4,12 dollar sarp edýär. Şol bir wagtyň özünde, bir gezeklik doly zarýad bilen 265 mil (430 km) geçip bilýär we netijelilik bilen rahatlygyň arasynda gowy deňagramlylyk saklaýar.
Tesla kompaniýasy bu sanawda başga-da birnäçe orunlary eýeledi. Ilkinji onluga «Model 3 Performance», «Model S Long Range» we «Model Y Long Range» modelleri hem girdi. Bu netijeler Tesla elektromobilleriniň öz pudagynda iň tygşytly ulaglar hökmünde öňe çykýandygyny görkezýär.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......