1872-nji ýyldan bäri işleýän iň gadymy üç Michelin ýyldyzly restoran bir ýyldyzyny ýitirdi

  • 20.04.2025 21:53
  • 7.6k+

Wonna kommunasynda ýerleşýän Georges Blanc restorany üç Michelin ýyldyzynyň birini ýitirdi. Ol 1981-nji ýyldan bäri iň ýokary bahany saklaýardy. Bu maglumaty CNN-e Michelin Guide-iň we restoranyň wekilleri tassyklady.

Restoran 1872-nji ýylda La Mère Blanc ady bilen açyldy. Ol ilkinji ýyldyzyny 1929-njy ýylda, Michelin ýyldyz ulgamy girizilenden üç ýyldan soň aldy. 1931-nji ýylda restoran ikinji ýyldyzyna eýe boldy.
1968-nji ýyldan bäri ony maşgala däbini dowam etdirip, 25 ýaşynda ýolbaşçy bolan Žorž Blan dolandyrýar. Onuň ýolbaşçylygynda restoran üç ýyldyza ýetdi.
Michelin şeýle belleýär: “Biziň baha ölçeglerimiz eýýäm 125 ýyl bäri üýtgewsiz. Olar diňe tagamlara – önümleriň hiline, taýýarlanyş usulyna, tagam sazlaşygyna, aşpeziň özboluşlylygyna we nobatdaky barlaglarda hiliň durnuklylygyna degişlidir”.
Restoran Relais & Châteaux assosiasiýasynyň düzümine girýär. Ol bress towugyndan, deňiz leňňejinden taýýarlanýan tagamlary we süýjülikleri, şeýle-de 140 müň çüýşeden ybarat çakyr ýygyndysy bilen bellidir. 


25.05.2026 16:10
2k+

Time Out žurnaly Ýewropanyň we dünýäniň iň gowy medeni şäherleriniň haýsylardygyny mälim etdi

Dünýä belli Time Out žurnaly medeni durmuşy baý we ösen iň gowy şäherleriň täze sanawyny çap etdi. Bu gezekki reýtingde dünýä boýunça birinji ýere London mynasyp boldy....

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

02.05.2026 14:04
2.1k+

Briksende yşyk we suw festiwaly geçirilýär

Italiýanyň Günorta Tirol sebitindäki Briksen şäherinde täsin yşyk we suw festiwaly dowam edýär. Bu ýylky çäre dünýä parahatçylygyna bagyşlanyp, «Parahatçylygy göz öňüne getir» («Imagine Peace») diýlip......