Kia 531 km ýol ätiýaçlygy bolan täze EV4 elektrosedanyny tanyşdyrdy

  • 20.04.2025 19:13
  • 2.7k+

Kia kompaniýasy Nýu-Ýorkdaky (ABŞ) awtosalonda täze elektrosedany «EV4-iň» global görnüşini hödürledi. Bu dört gapyly model «Tesla Model 3» bilen bäsleşmek üçin ýörite taýýarlanyldy.

«EV4-iň» dizaýny Kia-nyň «EV6» we «EV9» modellerine meňzeýär, ýöne bu model has sport äheňde işlenip düzülipdir. Ol uly dik faralary, piksel şekilli optikalary, fastbek görnüşli üçek çyzygy we iki bölümli spoýleri bilen tapawutlanýar. Ol topluma görä, 17 ýa-da 19 dýuýmlyk tekerler bilen üpjün edilýär.
Salony minimalistik äheňde taýýarlanypdyr. Merkezi panelde biri-birine bagly 12,3 dýuýmlyk iki sany ekran we klimat ulgamyny dolandyrmak üçin aýratyn 5 dýuýmlyk ekran bar. Şeýle hem Apple CarPlay, Android Auto we uzak aralykdan täzelenmeleri (OTA) goldaýar. Şeýle-de sesli kömekçi, iki zolakly klimat-kontrol, oturgyçlaryň gyzdyrylmagy we şemalladylmagy, şeýle hem ruluň gyzdyrylmagy ýaly aýratynlyklar bar.
«EV4» modeli 400-woltlyk arhitekturasy bolan E-GMP platformasynyň binýadynda gurulýar. Ähli görnüşler öňdäki tekerlerden herekete getiriji ulgam we 204 at güýjüni öndürýän elektromotor bilen enjamlaşdyrylýar. Bir gezeklik zarýad bilen 378-den 531 kilometre çenli ýol geçip bilýär.
Täze modeliň satuwyna Ýewropada 2025-nji ýylyň ahyrynda, ABŞ-da bolsa 2026-njy ýylyň başynda başlanylar. Bahasy entek mälim edilmedi.


09.05.2026 12:43
3.2k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.8k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....