Alymlar ýokary patogenli guş dümewine garşy täsirli nano sanjymyny döretdiler

  • 20.04.2025 18:42
  • 2k+

Amerikaly we kanadaly alymlar ýokary patogenli H5N1 guş dümewine garşy nano-waksinany işläp taýýarladylar. Ýagly nanobölejiklere we keseliň ýokary patogen ştamlarynyň beloklaryna esaslanýan derman syçanlarda üstünlikli synag edildi diýip, Buffalo uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Sanjym howply patogenden goraýar we öý hem-de ýabany haýwanlar üçin ulanylyp bilner.

"Entek etmeli işimiz köp, ýöne synaglarymyzyň netijesi eýýäm gaty tolgundyryjy. Üstesine, sanjymy öndürmek üçin, beýleki dümewe garşy sanjymlardaky ýaly, towuk ýumurtgalary gerek bolmaýar. Bu önümçiligi, adam we haýwan saglygyny patogeniň ölüm howply ştamlaryndan goramak üçin, has çalt we täsirli ýaýbaňlandyrmaga mümkinçilik berer" – diýip, barlagyň ýolbaşçysy, Buffalo uniwersitetiniň (ABŞ) professory Jonatan Louell düşündirdi.

Synaglar H5 esasly sanjymlaryň hem-de H5 we N1 kombinasiýasynyň ähli syçanlary H5N1-iň öldüriji dozalaryndan goraýandygyny görkezdi. N1 esasly sanjym 70% täsirli boldy. Alymlar wirus üýtgäp başlasa, tehnologiýanyň täze sanjymlary çalt döretmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar.
Soňky ýyllarda guş dümewi Amerikada we Antarktidada guşlaryň, deňiz haýwanlarynyň arasynda işjeň ýaýraýar. ABŞ-nyň fermalarynda we guş fermalarynda, şeýle hem Folklend adalarynyň we Günorta Georgiýanyň kenarýakasynda ýaşaýan albatroslaryň we düwlenleriň arasynda H5N1 wirusynyň ýüze çykandygy habar berildi we soňky bir ýylda ABŞ-da H5N1-iň täze ştammlarynyň ýaýramagynyň epizodlary birnäçe gezek süýt fermalarynda we guşçylyk fermalarynda hasaba alyndy.


09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.2k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....