Alymlar: Gün ýokary işjeňligiň 50 ýyllyk döwrüne girýär

  • 20.04.2025 14:34
  • 4.9k+

Gün ýokary işjeňligiň täze döwrüne geçdi we bu, amerikan alymlarynyň maglumatlaryna görä, ýarym asyr töweregi dowam edip biler. Bu Gün tupanlaryny güýçlendirýän seýrek döwür bilen baglanyşykly diýip, ABŞ-nyň Milli atmosfera gözlegleri merkeziniň (NCAR) hünärmenleri habar berýär.

Bu döwür – Glýaýsbergiň kwazi-asyrlyk döwri Gün işjeňliginiň adaty 11 ýyllyk döwürleri bilen gabat gelip, Gün alawlamalarynyň we zyňyndylaryň ýygy-ýygydan bolmagyna hem güýçlenmegine getirýär.
Häzir Gün işjeňliginiň 25-nji döwri dowam edýär, ol eýýäm iň ýokary derejesini geçdi we indi Günüň işjeňligi peselip başlar. Ýöne NCAR-yň 45 ýyllyk hemra gözegçiliklerine esaslanýan maglumatlaryna görä, Glýaýsberg döwri 2021-nji ýylda iň pes derejesine ýetdi we indi güýçlenip başlaýar. Bu Gün işjeňliginiň indiki dört döwrüniň adatdakysyndan has güýçli boljakdygyny aňladýar. Bu hem hemralar we elektrik ulgamlary üçin howp döredýär.
Ýöne bu işjeňligiň gowy taraplary hem bar. Işjeň Gün atmosferany gyzdyryp, radiasiýa guşaklyklaryndaky protonlaryň dykyzlygyny peseldýär we şonuň bilen hemralara hem HKS-e düşýän radiasiýa ýüküni azaldýar.
Alymlar töwekgelçilikleri azaltmak we bu döwrüň artykmaçlyklaryndan peýdalanmak üçin Gün işjeňliginiň bolup biljek netijelerine öňünden taýýarlyk görmäge çagyrýar. 


23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

18.04.2026 23:36
4.2k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...