Tesla ilkinji robotaksisi bolan Cybercab-yň dizaýnyny Ýewropada patentledi

  • 19.04.2025 18:06
  • 3.1k+

Tesla kompaniýasy «Cybercab» sürüjisiz elektromobilini Ýewropa bazaryna çykarmak boýunça ilkinji resmi ädimini ätdi. Ýewropanyň patent edarasynyň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň 9-njy aprelinde bu modeliň dizaýnyny hasaba aldyrmak üçin ýüz tutulypdyr. Dizaýn şekilleri 15-nji aprelde elýeterli boldy diýip, «32Cars» habar berýär.

«Cybercab» – doly awtonom elektrikli awtoulag bolup, ol iki ýolagçy gatnatmak we köp mukdarda ýük daşamak üçin niýetlenendir. Ölçegleri boýunça «Model Y» ulagyna meňzese-de, ol diňe sürüjisiz robotlaşdyrylan ulag hyzmatlaryna niýetlenýär.
Niderlandlaryň Infrastruktura ministrliginiň häzirki meýilnamalaryna görä, awtonom ulag hyzmatlary 2027-nji ýylda ýurtda kanuny taýdan işe girizilip bilner. Bu bolsa «Cybercab-yň» ÝB bazaryna çykmagyna ýol açar.
Eger-de taslama tassyklansa, Tesla ýewropaly müşderilere şäher içindäki karşering we awtonom taksi hyzmatlary üçin niýetlenen innowasion elektrikli ulag çözgüdini hödürläp biler.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......