Sony Denni Boýluň “28 ýyl soň” filminiň täze treýlerini hödürledi

  • 18.04.2025 16:35
  • 5k+

Sony Pictures meşhur “28 gün soň” we “28 hepde soň” filmleriniň dowamy bolan “28 ýyl soň” (28 лет спустя) filminiň treýlerini çykardy. Filmiň premýerasy 20-nji iýuna meýilleşdirilýär.

Sýužet boýunça gahar wirusy ýaýranyndan bäri tas 30 ýyl geçdi. Dünýä henizem üzňelikde. Käbir adamlar wirus ýokuşanlaryň arasynda diri galmagy öwrendi. Şeýle toparlaryň biri hem materik bilen bent arkaly birleşen uly bolmadyk adada gizlenýär.
Sýužetiň gysgaça beýanyna görä: “Haçan-da toparyň agzalarynyň biri materigiň merkezine ugramak üçin adany terk edende, ol özi üçin diňe bir wirus ýokuşanlary däl, eýsem beýleki diri galanlary üýtgeden syrlaryň, täsinlikleriň we elhençlikleriň üstüni açýar”.
Filmiň režissýory ýene-de Denni Boýl boldy. Ssenarini Aleks Garlend ýazdy. Bu film bilen olar täze trilogiýany başlamagy meýilleşdirýär.
Filmde Aaron Teýlor-Jonson, Reýf Faýns, Jodi Komer we beýlekiler çykyş etdi. Şeýle-de, franşiza Killian Mýorfi gaýdyp geldi. Birinji bölümde ol komadan açylyp, wirusyň tutuş ýurda ýaýrandygyny bilen kurýeriň keşbini ýerine ýetiripdi.
Mundan öňki treýlerde tomaşaçylar Mýorfä meňzeş zombini gördüler. Ýöne filmi döredijiler munuň oldugy baradaky maglumaty ret etdi. 


şu gün 10:41
537

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
3.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.7k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....