Kanadanyň Cluckify programmasy towuklaryň wakgyldamasyny adam diline terjime edýär

  • 18.04.2025 16:37
  • 11k+

Dalhauzi uniwersitetinden kanadaly alymlar towuklaryň wakgyldamasyny adam üçin düşnükli dile geçirýän Cluckify programmasyny döretdi.

iOS-da we Android-de elýeterli bolan programma towuklaryň näme “diýýändigine” düşünmek üçin, guşlaryň özüni alyp barşy we olaryň sesleri baradaky maglumatlary ulanýar. Cluckify kanagatly wakgyldyny, howsala signallaryny we beýleki sesleri tapawutlandyrýar.
Programmada 45 görnüşli towuk sesinden, şol sanda olaryň biri-biri gatnaşyk saklamak üçin ulanýan seslerinden we horaz gykylygyndan ybarat ýygyndy bar. Şeýle-de, ol tony, ritmi we beýleki ses aýratynlyklaryny öwrenýän spektrogramma bilen üpjün edildi. Ulanyjylar towuklaryň “diline” has gowy düşünip başlamak üçin, “Wakgyldamany bil” testini geçip biler.

 “Cluckify fermerlere guşlaryň psihologik ýagdaýyna gözegçilik etmäge kömek edýär” – diýip, taslamanyň ýolbaşçysy, doktor Sureş Nitirajan aýdýar.

Programma Kanadanyň sanly tehnologiýalary maldarçylyga ornaşdyrmak boýunça maksatnamasynyň çäklerinde döredildi. Geljekde işläp düzüjiler sygyrlaryň, doňuzlaryň we beýleki oba hojalyk mallarynyň seslerini seljermek mümkinçiligini goşmagy meýilleşdirýär.


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......