Marvel “Gök gürrüldedijiler” filminiň ahyrky treýlerini hödürledi

  • 18.04.2025 16:50
  • 7.1k+

Marvel Studios “Gök gürrüldedijiler” (Громовержцы / Thunderbolts) filminiň ahyrky treýlerini çykardy. Blokbasteriň premýerasy 2025-nji ýylyň 2-nji maýynda bolar.

Sýužetiň merkezinde Gyş esgerinden (Sebastian Sten), Ýelena Belowadan (Florens Pýu), Gyzyl Goragçydan (Dewid Harbor), Arwahdan (Hanna Jon-Keýmen), Taskmasterden (Olga Kurilenko) we Jon Uokerden (Uaýatt Rassel) ybarat anti-gahrymanlar topary çykyş edýär.
Geçmişde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan bu gahrymanlar howply missiýany ýerine ýetirmek üçin birleşýär. Olar diňe bir daşky howplar bilen göreşmän, eýsem şahsy syrlaryny we içki dawalary hem çözmeli bolýar.
Filmiň režissýory hökmünde “Kagyz şäherler” (Бумажные города) filmi we “Garpyşyk” (Грызня) serialy boýunça tanalýan Jeýk Şreýer çykyş etdi. Film üçin aýdym-sazy ozal “Hemme zat hemme ýerde we birbada” (Все везде и сразу) filmine saundtrek üçin “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezilen Son Lux topary döretdi. 


21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....