"Sessiz ýertitremeler": Türkiýedäki ýertitreme seýsmiki hadysalaryň fizikasyna düşünmäge kömek etdi

  • 18.04.2025 15:58
  • 9.9k+

2023-nji ýylda Türkiýäniň günortasynda we Siriýada bolup geçen ýertitreme sebitdäki iň weýrançylykly we pajygaly tebigy betbagtçylyklaryň biri boldy. 7,8 bally esasy ýertitreme we 7,5 bally afterşok müňlerçe adamyň ömür tanapyny kesdi we köp sanly binalary weýran etdi.

Alymlar bu hadysany öwrenmek bilen, seýsmiki işjeňligiň täze kanunalaýyklyklaryny ýüze çykardylar, olar tebigy betbagtçylygy çaklamagy gowulandyryp biler diýip, Phys.org habar berýär.
Seýsmologlar Anadoly, Arap we Ýewraziýa plitalarynyň kesişýän zolagyndaky çat açmalaryň işjeňdigini köpden bäri belläp gelýärler. Betbagtçylykdan soň hünärmenler radar bilen enjamlaşdyrylan Sentinel-1 we ALOS-2 hemralaryndan alnan maglumatlary seljerip gördüler. Olar belli bolan seýsmiki hadysalar bilen baglanyşygy bolmadyk, ýer titremesiniň merkezinden daşdaky sekiz ýerde ýer üstüniň deformasiýasyny tapdylar.
Barlagçylar hadysalaryň iki görnüşini ýüze çykardylar. Birinjisi - çat açmalaryň energiýasy kem-kemden dagap gidýän haýal süýşmek ýaly aseýsmiki prosesler. Ikinjisi – magnitudasy 5-den uly bolan "sessiz ýer titremeleri". Bu hadysalar afterşok bilen utgaşmaýar, ýöne adaty ýer titremelerindäki ýaly, çat açmalardaky güýjemeleri  peseldýärdiler.
Şeýle häsiýet adaty ýer titremeleri bilen gatlaklaryň haýal süýşmeleriniň arasynda aralyk tertibiň bardygyny görkezýär.
Bu proseslere doly düşünmek üçin barlaglary dowam etdirmek gerek. Bu çaklama tassyklansa, alymlar ýer gabygynyň hereketini has gowy modelleşdirip we seýsmiki taýdan howply sebitlerde töwekgelçiliklere baha berip bilerler. Bu güýçli ýertitremeleriň ýüze çykma mehanizmlerine has gowy düşünmek we heläkçilikli netijeleri öňünden çaklamak üçin möhüm geljegi açýar.


23.07.2025 07:20
21k+

Ýaponiýada ýertitremelerinden we beýleki hadysalardan soň kömek bermek üçin niýetlenen üç metrlik robot dörediler

Waseda uniwersiteti we birnäçe ýapon kompaniýalary halas ediş işleri we betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmekde ulanmak üçin niýetlenen üç metrlik adam şekilli roboty öndürer diýip, Kýodo habarlar gullugy habar berdi...

22.07.2025 19:47
8.8k+

Android smartfonlary millionlarça adama ýertitremeleri öňünden duýdurýan tora öwrüldi

Google Berklidäki Kaliforniýa uniwersiteti bilen bilelikde Android smartfonlaryny ýertitremeleri anyklaýan iň uly tora öwürdi. Ol 98 ýurtda 2,5 mlrd adamy gurşap alýar diýlip, Science žurnalyndaky ylmy gözlegde aýdylýar...

02.07.2025 11:20
10k+

Alymlar ilkinji gezek haýal ýertitremesini ýazgy etdiler

Alymlar ilkinji gezek Ýaponiýanyň kenaryndaky suwasty çat açan zolagynda haýal ýertitremesini hasaba aldylar. Ostindäki Tehas uniwersitetiniň barlagçylary tarapyndan geçirilen barlaglar ýertitremeleriniň sunamini emele getirýänligi bilen belli umman çat açmasynyň uzaboýuna nädip ýaýraýandygyny görkezdi...

18.06.2025 14:32
7.3k+

Hytaý ýertitremesiniň alamatlaryny gije-gündizleýin öwrenmek üçin hemra uçurdy

Hytaý ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Szýusýuan kosmos merkezinden CSES-2 (China Seismo-Electromagnetic Satellite-2) hemrasyny üstünlikli uçurdy. Apparat orbita Long March 2D (“Beýik ýöriş-2D”) raketasy bilen uçuryldy diýip Space News habar berýär...