Garward uniwersiteti federal grantyň ýatyrylmagy sebäpli inçekesel we kosmos boýunça barlaglaryny bes edýär

  • 18.04.2025 15:26
  • 4.2k+

Garward uniwersiteti inçekesel we kosmos uçuşlary baradaky barlaglary hem öz içine almak bilen, birnäçe ylmy taslamalar boýunça alyp barýan işlerini togtadýar. Bu ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk ministrliginiň umumy bahasy 2,7 million dollardan gowrak bolan iki granty ýatyrylandan soň bolup geçdi diýip, The New York Times gazeti ýazýar.

Maliýeleşdirme ýatyrylansoň, inçekesel boýunça taslamanyň üstünde işlemegi bes etmek barada görkezme alandygyny immunolog Sara Forçun neşire gürrüň berdi. Professor Dewid Uoltyň sözlerine görä, ony hem gapdal amiotrofik skleroz (Şarkonyň keselleri) boýunça barlaglaryny "derrew bes etmäge" borçlandyrypdyrlar.

"Eger bu taslamany ýapsalar, bu bolup biläýjek zat, soňra beýleki taslamalary hem ýaparlar, diýmek adamlar heläk bolup başlar" - diýip, barlagçy howsala düşýär.

Mundan başga-da, kosmos uçuşlary we radiasiýa keseli bilen baglanyşykly barlaglary hem bes etmek barada buýruk berildi.


düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....