Astronomlar goşa ulgamyň içinde «perpendikulýar» orbitaly ekzoplaneta tapdylar

  • 18.04.2025 15:07
  • 2k+

Ýewropaly astronomlar «Ýyldyz söweşleri» filmindäki Tatuin planetasyny ýada salýan täsin ýyldyz ulgamyny ýüze çykardylar. 2M1510 belgili täsin ulgam Ýerden 120 ýagtylyk ýyly uzaklykda, Mizan (Terezi) ýyldyz toplumynda ýerleşýär. Bu barada «The Economic Times» neşiri habar berýär.

Bu ulgamda iki sany goňur girdenek (ýyldyz) bar. Olar planetalardan has agyr, emma doly göwrümli ýyldyz bolmak üçin ýeterlik massalary ýok. Olaryň her biriniň massasy Günüňkiden, takmynan, 30 esse az.
Ulgamyň haýran galdyryjy tarapy, bu ýerde bir ekzoplaneta bar we onuň orbitasy goňur girdenekleriň aýlanyş tekizligine göni (90 gradus burç bilen) perpendikulýar ýagdaýda ýerleşýär. Bu orbitasy «perpendikulýar» bolan we iki ýyldyzly ulgamda ýerleşýän bize mälim ilkinji ekzoplanetadyr.
Bu açyş tötänden boldy, aslynda, alymlar goňur girdenekleriň tutulmasyna syn edýärdi.
Alymlar Çilide ýerleşýän VLT teleskopynyň UVES guralyny ulanyp, bu ulgamda iki däl, eýsem dört sany jisimiň bardygyny ýüze çykardylar. Täsin ulgamda iki sany goňur girdenekden başga-da, uzakda ýerleşýän ýene bir başarnyksyz ýyldyz (goňur girdenek) we bir uly ekzoplaneta hem bar eken. Bu ekzoplanetanyň massasy Ýeriňkiden 10-100 esse agyr we ol goňur girdenekleriň daşyndan, birnäçe astronomiki birlik uzaklykda ýerleşýän uzyn orbitada aýlanýar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....