Konferensiýalar ligasynyň ýarym finalyna gatnaşyjy toparlar kesgitlendi. Çärýek finalyň jogap oýunlary üýtgeşik hadysa bolmazdan geçdi.
“Çelsi” – “Legiýa” 1:2 (umumy 4:2)
London kluby ýewro-möwsüminde ilkinji gezek utuldy, ýöne ýaryşda galdy. Topar birinji oýunda ynamly ýeňiş gazanandan soň (3:0), “Legiýadan” utulmagy umumy netijä täsir etmedi. Warşawa kluby üçin Pekgart (penalti) we Kapýuadi, “Çelsi” üçin Kukurelýa gol geçirdi.
“Ýagelloniýa” – “Betis” 1:1 (umumy 1:3)
Ispan “Betisi” ilkinji gezek ýewrokubogyň ýarym finalyna çykdy. Oýnuň ahyrlarynda Bakambýunyň goly Manuel Pellegriniň toparyna uly artykmaçlyk getirdi. “Ýagelloniýanyň” oýunçysy Çurlinow derrew hasaby deňledi, ýöne şondan soň ýer eýeleri howp döredip bilmedi.
“Fiorentina” – “Sele” 2:2 (umumy 4:3)
“Fiorentina” yzygider üçünji gezek KL-iň ýarym finalynda oýnar. Sloweniýanyň “Sele” topary iki gol geçirip, ýeňiş gazanmaga ýakyn boldy, ýöne florensiýaly topar umumy artykmaçlygy saklady.
“Rapid” – “Ýurgorden” 1:4 (umumy 2:4)
Şwesiýanyň “Ýurgorden” topary ilkinji gezek ýewrokubogyň ýarym finalyna çykdy. Awstriýadan “Rapid” eýýäm 7-nji minutda azlykda galdy, owertaýmda bolsa ýene bir oýunçysyny ýitirdi.
Ýarym finalyň garşydaşlary:
- “Betis” (Ispaniýa) – “Fiorentina” (Italiýa)
- “Çelsi” (Angliýa) – “Ýurgorden” (Şwesiýa)
Ilkinji ýarym final duşuşyklary 2-nji maýa, jogap oýunlary 9-njy maýa geçilýän gije bolar. Final 28-nji maýda Wroslawda geçiriler.
Geçen möwsümde Konferensiýalar ligasynyň ýeňijisi grek “Olimpiakosy” boldy.