Apple I çärýekde smartfonlaryň bölek satuwy boýunça Samsung-dan öňe geçdi

  • 17.04.2025 15:12
  • 2.1k+

Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Apple birinji çärýekde ilkinji gezek smartfonlaryň bölek satuwy boýunça öňdebaryjy boldy. Ol bazaryň 19%-ini eýeledi.  

Kompaniýa iPhone smartfonlarynyň bölek satuw möçberini 4% artdyrdy, umumy smartfon bazary bolsa 3% ýokarlandy. IDC analitikleri iberilen smartfonlaryň möçberi boýunça Apple-iň iPhone üpjünçiligini 10% artdyrandygyna garamazdan, Samsung-a ýol berip, ikinji orunda galandygyny belleýär.
Apple-iň üstünligi elýeterli iPhone 16e smartfonynyň çykmagy we Ýaponiýada, Hindistanda, Ýakyn Gündogar, Afrika we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda islegiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. ABŞ-da, Ýewropada we Hytaýda iPhone satuwy durgunlaşdy ýa-da azaldy. Hytaýda bazaryň ösüşine 820 dollarlyk smartfonlaryň satyn alynmagyna berilýän ýeňillikler ýardam etdi. ABŞ-da täze import paçlaryna garaşylmagy hem satuwy ep-esli ýokarlandyrdy.
Samsung bölek satuw nukdaýnazaryndan 18% bazar paýy bilen ikinji orny eýeledi. Ýöne birinji çärýegiň jemi boýunça onuň üpjünçiligi 5% azaldy. Satuw ösüşini, aýratynam, Galaxy S25 Ultra flagman modeli görkezdi.
Xiaomi 14% paý bilen üçünji boldy. Ol Hytaýdaky üstünligi we täze bazarlara ýaýramagy netijesinde üpjünçiligi 5% ýokarlandyrdy.
8% paý bilen Vivo we Oppo dördünji hem bäşinji orunlary eýeledi: Vivo üpjünçiligi 6% artdyrdy, Oppo bolsa 1% azaltdy.
Ýeri gelende bellesek, Hytaýda ýerli bazaryň öňdebaryjysy Huawei boldy.
Counterpoint Research-yň analitikleri şu ýyl smartfon bazarynyň pese gaçjakdygyny çaklaýar. 


düýn 22:05
1.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......