Lefkas grek adasynda 10 müň orunlyk gadymy teatryň üsti açyldy

  • 17.04.2025 14:56
  • 6.9k+

Ion deňzindäki Lefkas adasynda arheologlar uly gadymy grek teatrynyň harabalygyny tapdy. Desgada 24 oturgyç hatary bolup, ol 10 müň töweregi adama niýetlenipdir diýip, Gresiýanyň Medeniýet ministrligine salgylanyp, Herotage Daily habar berýär.

Lefkas b.e.öň VIII-VII asyrlarda möhüm medeni we söwda merkezi bolupdyr. Korinf adamlary ýerli obany gämi duralgalary we jemgyýetçilik binalary bolan şähere öwrüpdir. Teatryň gözlegine tas asyr sarp edildi. Diňe 1997-nji ýylda alymlar onuň galyndylarynyň zeýtun baglyklarynyň we häzirkizaman desgalarynyň aşagynda gizlenendigine subutnama tapdy.
Gazuw-agtaryş işleri 2015-nji ýylda arheolog Olimpiýa Wikatouwyň ýolbaşçylygynda başlady. Uly gerimli işler 2017-nji ýylda, baglyklar we binalar aýrylandan soň ýola goýuldy. Arheologlar diametri 16,65 metr bolan orkestr meýdançasyny, koridorlar ulgamyny we birnäçe daş tagtlaryny arassalady.
Bu ýerde uzak wagtlap geçirilen oba hojalyk işlerine garamazdan, teatryň aşaky gatlaklary gowy ýagdaýda saklanypdyr.  


19.06.2026 19:49
4.5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......