ÇL-iň 1/4 finalynyň jogap oýunlary: “Arsenal” “Realy” ýene utdy, “Inter” “Bawariýany” aýyrdy

  • 17.04.2025 11:11
  • 9.4k+

Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň jogap oýunlarynda ýene iki ýarym finalçy belli boldy. Londonyň “Arsenaly” Madridiň “Realyndan” üstün çykdy, Milanyň “Interi” bolsa iki duşuşygyň jemi boýunça Mýunheniň “Bawariýasyndan” güýçli boldy.

“Arsenal” Madrid klubuny “Santýago Bernabeuda” 2:1 hasabynda utdy. Birinji oýunda 3:0 hasabynda utandan soň, “Arsenalyň” gowy artykmaçlygy bardy. Oýnuň başynda “Real” garşydaşyny derwezä gysmaga çalyşdy, ýöne “Arsenal” hüjüm bilen ynamly jogap gaýtardy. 11-nji minutda VAR-a seredilenden soň, emin Asensionyň düzgüni bozandygy üçin, “Realyň” derwezesine penalti belledi, ýöne Saka gol geçirip bilmedi, Kurtua urgyny yzyna gaýtardy.

Birinji ýarymyň ortasynda “Real” hem penalti üçin hukuk gazandy, ýöne emin bäş minutlyk arakesmeden soň ofsaýd belläp, ony ýatyrdy.
Oýnuň ikinji ýarymynda londonlylar hasaby açdy – 65-nji minutda Saka gol geçirdi. “Real” hem 67-nji minutda Winisiusyň kömegi bilen hasaby deňledi. 93-nji minutda “Arsenalyň” wingeri Martinelli gutarnykly hasaby goýdy – 2:1.
Şeýlelikde, “Arsenal” iki oýnuň jemi boýunça 5:1 hasabynda utup, indiki tapgyra çykýar.

Günüň beýleki bir oýnunda “Inter” “Bawariýa” bilen deňme-deň oýnady – 2:2. Bu hem italýan toparynyň birinji duşuşykda 2:1 hasabyndaky ýeňşinden soň ýaryşy dowam etdirmegi üçin ýeterlik boldy.
Milandaky “Juzeppe Meassa” stadionynda geçen oýunda ähli gollar arakesmeden soň salyndy. 52-nji minutda hasaby myhmanlaryň hüjümçisi Garri Keýn açdy. “Inter” hem 5 minutdan jogap berdi: hasaby Lautaro Martines deňledi. 61-nji minutda mýunhenlileriň öňki oýunçysy Benjamen Pawar “Interi” öňe çykardy.

“Bawariýa” 76-njy minutda Erik Daýeriň goly bilen hasaby deňledi – 2:2. Ýöne bu ýarym finala çykmak üçin ýeterlik bolmady – iki oýnuň jemi boýunça “Inter” utdy (4:3).
1/2 finalyň garşydaşlary

  • “Arsenal” (Angliýa) – “PSŽ” (Fransiýa)
  • “Barselona” (Ispaniýa) – “Inter” (Italiýa)

Ilkinji ýarym final oýunlary 30-njy aprele we 1-nji maýa geçilýän gije geçiriler, finalçylar bir hepde soň jogap oýnunda belli bolar.


18.06.2026 10:36
4.6k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

16.06.2026 10:04
6k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

13.06.2026 12:33
5.7k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
5k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....