Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri bilen maslahat geçirdi

  • 17.04.2025 10:24
  • 13k+

16-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gaznanyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen iş maslahatyna gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa we wise-prezidenti R.Bazarow gatnaşdy. Onda häzirki döwürde gazna tarapyndan alnyp barylýan işler we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. R.Bazarow ýakynda gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralaryň, şanly senäniň hormatyna halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi barada hasabat berdi.
R.Bazarow foruma gatnaşan döwletleriň wekillerinden köp sanly teklipleriň gelip gowşandygyny aýdyp, olarda bu ugur boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, türkmen wekiliýetini öz ýurtlarynda kabul etmek ýaly başlangyçlaryň öňe sürülýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-prezident Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň agzalarynyň daşary ýurtlara saparlaryny guramak we ilkinji sapary Özbegistan Respublikasyna amala aşyrmak baradaky teklibi öňe sürdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň diňe bir öz ýurdumyzyň çagalarynyň abadançylygynyň bähbidine däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň çagalarynyň sagdyn durmuşynyň üpjün edilmegine hem gönükdirilýändigini belläp, “Kyýamat güni goňşudan” diýlişi ýaly, ilkinji saparyň ýakyn goňşymyz bolan Özbegistan Respublikasyna guralmagynyň maksadalaýyk çözgüt boljakdygyna ünsi çekdi. Hyzmatdaşlygyň özara tejribe alyşmak, halkara giňişlikde gaznanyň işini wagyz etmek we bu ugurda amala aşyrylýan çäreleri has-da kämilleşdirmek babatda ähmiýetlidigini nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideri bu teklibi oňlaýandygyny aýtdy.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek we lukmançylyk edaralaryna täzeçil usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipleri öňe sürdi. Nygtalyşy ýaly, bu başlangyçlar keselleriň öňüni almakda ähmiýetli bolar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wekilleriniň ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup, köpugurly hassahanalarda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde alnyp barylýan işler, lukmançylyk edaralarynyň hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de ýerlerde “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmak üçin saparlarynyň guralmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Munuň özi döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň işjeň ösdürilmeginde we ýurdumyzda sagdyn, berk bedenli nesilleriň kemala gelmeginde ähmiýetli çärä öwrüler.


düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......