Lexus täze "TZ" modelini taýýarlaýar

  • 17.04.2025 01:20
  • 7.7k+

Ozalky yglan edilen meýilnamalara laýyklykda, Toyota bilen Lexus 2027-nji ýyla çenli täze 15 sany elektromobil çykarmagy göz öňünde tutýarlar. Şondan soň Lexus täze awtoulagyň iki wersiýasynyň resmi atlary bolan «TZ450e» we «TZ550e» haryt nyşanlaryny bellige aldy. Olaryň ikisi hem ilkinji gezek apreliň ahyrynda, maýyň başynda geçiriljek Şanhaý awtosergisinde görkeziler. Bu barada «Carscoops» neşiri habar berýär.

Toyota hem şol bir platformanyň esasynda birnäçe täze model döretmegi meýilleşdirýär. Bu platformanyň «bZ5X» diýlip atlandyrylmagyna garaşylýar.
Belläp geçsek, Lexus ozal «Electrified SUV» atly konsept awtoulagyny tanyşdyrypdy. Ynha, şol konseptiň daşky görnüşinden ugur alyp, täze modeliň nähili boljakdygyny çaklap bolar. Ýöne köpçülikleýin önümçilige laýyk gelmeýän dizaýn aýratynlyklary, meselem, inçe we köp gatly faralar, kamera görnüşli arka aýnalar, şeýle hem gizlin gapy tutawaçlary bolmaz. Radiator gözenegi, bamperler we gapdal panelleri bolsa, ähtimal, şol konseptdäki ýaly saklanyp galar.

Bu resmi däl suratlardan başga, häzirki wagtda täze awtoulag barada başga hiç hili maglumat ýok. Täze elektrokrossoweriň doly herekete getiriji ulgam, ýagny iki sany elektromotor bilen çykaryljakdygy, şeýle hem uly göwrümli batareýa bilen enjamlaşdyryljakdygy barada aýdylýar.
Lexus-yň wekilleri elektrikli modelleri öndürmek üçin, Şanhaýda täze zawodyň guruljakdygyny hem belläp geçdi.


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....