BMW 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde satuw boýunça Mercedes-Benz-den öňe geçdi

  • 16.04.2025 18:36
  • 6.9k+

BMW 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Mercedez-Benz-den öňe geçip, premium-awtomobilleri öndürijileriň arasynda öňdebaryjy boldy. Kompaniýa esasy brendi bilen 520 142 awtomobil satdy, bu bir ýyl ozalkydan 2% azdyr.

Deňeşdirmek üçin, Mercedez-Benz kompaniýasy Smart we Maybach modelleri bilen birlikde 446 300 awtomobil satyp, 4% pese gaçyşy hasaba aldy.
MINI we Rolls-Royce brendlerini hasaba alanyňda, BMW konserni 586 149 awtomobil satdy, bu hem geçen ýylky görkezijiden 1,4% azdyr. BMW bilen Mercedez-Benz-iň arasyndaky tapawut 2024-nji ýyldaky 131 671 awtomobilden 2025-nji ýylda 139 849 awtomobile çenli artdy.
Ýewropa BMW üçin esasy bazar boldy, bu ýerde satuw 6,2% ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, Mercedez-Benz alyjylaryň 7%-ini ýitirdi. Hytaýda brendleriň ikisi-de kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy: BMW-niň satuwy 17,2%, Mercedez-Benz-iň satuwy 10% pese gaçdy.
BMW üçin elektromobil ugry üstünlikli boldy. Kompaniýa 109 516 sany doly elekrik modeli satdy, bu bolsa geçen ýylkydan 32,4% köpdür. Olardan 86 449 – BMW, 22 813 – MINI we 254 – Rolls-Royce Spectre. Mercedez-Benz we Smart 40 700 elektromobil satdy, bu bir ýyl ozalkydan 14% azdyr. BMW-niň elektromobil satuwy bäsdeşiniň görkezijisinden iki esse köp boldy. 


20.06.2026 12:20
4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......