SpaceX Falcon 9 raketasyny 400-nji gezek uçuryp, orbita Starshield hemralaryny çykardy

  • 16.04.2025 10:08
  • 3.2k+

ABŞ-nyň Milli gözleg müdirligi (NRO) özüniň täze hemra ulgamyny giňeltmek üçin, SpaceX-iň Falcon 9 raketasy bilen NROL-192 atly missiýany amala aşyrdy. Bu uçuş SpaceX üçin hem möhüm waka boldy, sebäbi Falcon 9 raketasy 400-nji gezek gaýtadan ulanyldy diýip, «Spaceflight Now» habar berýär.

Bu missiýada ulanylan Falcon 9 raketasynyň birinji basgançagy (B1071 belgili enjam) eýýäm 24-nji gezek uçuryldy. Ol öňki uçuşlarynda hem NRO we Starlink üçin hyzmat edipdi. Bu gezek hem uçuşdan, takmynan, sekiz minut soň, bu basgançak «Of Course I Still Love You» atly deňizde ýerleşýän platforma üstünlikli gondy. Bu göteriji raketanyň şu güne çenli 430-njy gezek gondurylmagy bolup durýar.
Bu uçuş NRO-nyň dünýäde iň ösen, durnukly we güýçli hemra ulgamlarynyň birini döretmek ugrunda edýän tagallalarynyň bir bölegidir. Bu hemra ulgamy SpaceX tarapyndan ABŞ-nyň hökümeti üçin taýýarlanylýan «Starshield» atly aýratyn görnüşli hemralardan ybaratdyr.

«Kämilleşdirilen toplum gaýtadan baryp gelme wagtyny gysgaldýar we gözegçiligiň durnuklylygyny ýokarlandyrýar, has gowy koordinasiýany üpjün edýär we maglumatlaryň işlenilişini, birleşdirilişini hem-de geçirilişini tizleşdirýär. Bularyň ählisi bolsa has ýokary durnuklylyk we howpsuzlyk bilen amala aşyrylýar» — diýip, NRO-nyň direktory Kris Skoleze aýtdy.

Soňky ýyllarda SpaceX kompaniýasy NRO üçin 150-den gowrak hemrany uçurdy.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......