Orta asyryň “tüýjümek” kitaplarynyň jiltleriniň nämeden ýasalandygy anyklanyldy

  • 16.04.2025 08:00
  • 4.6k+

Ýewropada XII-XIII asyrlara degişli bolan kitaplaryň adaty bolmadyk “tüýjümek” jiltleri  düwlenleriň derisinden ýasalypdyr. “Independent and Live Science-iň” habaryna görä, Fransiýanyň, Daniýanyň we Beýik Britaniýanyň alymlary şeýle netijä geldiler diýip, Independent we Live Science habar berýär.

Barlagyň netijeleri Royal Society Open Science žurnalynda çap edildi.
Barlag 32 orta asyr kodeksini öz içine aldy. Ilki bilen alymlar Klerwo abbatlygynyň (1140–1275)   kitaphanasyndan 19 sany gadymy golýazmany derňediler. 1150–1250-nji ýyllar aralygyndaky başga-da 13 sany şoňa meňzeş kitaby alymlar  Klerwo buthanasyndan tapdylar.
Adatça, şular ýaly kitaplar haýwanlaryň derisinden edilen pergamentlere ýazylypdyr. Olaryň sahypalary agaç, bagjyk, sapak ýa-da deri bilen çatylypdyr. Olaryň käbirinde “daşlyk” diýilýän ikinji jilt hem bolupdyr. Ozal şeýle “daşlyklar” diňe doňuz ýa-da sugun derisinden edilendir hasaplanýardy.
Mass-spektrometriýanyň kömegi bilen we DNK derňewi arkaly täze maglumatlar alyndy. Ähli jiltler garsagaýaklylaryň derisinden edilen bolup çykdy.
Taryhçylaryň sözlerine görä, bu material desýatina hökmünde alnan ýa-da wikingleriň norweg nesillerinden satyn alnan bolmagy mümkin. Öwrenilen kitaplaryň hemmesi Norwegiýanyň söwda ýollarynyň ugrundaky ybadathanalarda döredilipdir. Norwegiýalylaryň desýatinany düwlen derisi bilen töländikleri barada ýazgylar bar. Şol bir wagtyň özünde, jiltleriň haýsy materialdan edilendigini monahlaryň özleriniň hem bilmedik bolmaklary mümkin - şol döwürde fransuz dilinde düwleni aňlatmak üçin söz bolmandyr.
Kitaplaryň mazmuny bilen jildiniň materialynyň arasynda baglanyşyk tapylmady.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....