Bir gezeklik zarýad bilen iň uzak aralygy geçen elektromotosikl Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

  • 16.04.2025 07:14
  • 4.2k+

Britaniýaly Verge Motorcycles kompaniýasynyň elektromotosikli bir gezeklik zarýad bilen geçen iň uzak aralygy boýunça dünýä rekordyny goýdy. «Verge TS Pro» modeli Londonda we onuň töwereklerinde 311 km ýol geçdi we şondan soň hem akkumulýatorynyň 7% zarýady galdy. Elektromotosikli şäheriň içinde sürmek gowy, sebäbi tormoz berlende energiýanyň täzeden ulanylmagy akkumulýatory zarýadlap, ýoluň aralygyny artdyrýar. Aslynda, onuň ýol ätiýaçlygy bary-ýogy 200 km. Bu barada «New Atlas» neşiri habar berýär.

Synag çyralar, pyýada geçelgeleri we ulag dykynlary bilen hakyky şäher şertlerinde geçirildi. Synagyň dowamynda, energiýany dikeldýän tormoz ulgamy elektromotosikle geçýän ýoluny 30%-e çenli uzaltmaga mümkinçilik berdi.
Iki sürüji – Sem Klark we Sara Sloman – sagatda bir gezekleşip motosikli sürdüler. Synag 16 sagat dowam etdi. Akkumulýator doly tükenýänçä ulanylman, enjamyň hakyky şertlerde nähili işleýändigi görkezildi. Bu bolsa potensial alyjylara «Verge TS Pro» modeliniň şäherde nähili peýdaly boljakdygyny görkezdi.
«Verge TS Pro» elektromotosikli güýçli elektrohereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. 100 km/sag tizlige bary-ýogy 3,5 sekuntda ýetýär. Agramy 245 kg. Ol emeli aňly kompýuter, simsiz aragatnaşyk, «Öhlins» asma ulgamy ýaly häzirki zaman aýratynlyklar bilen üpjün edilen.
Rekord goýan «Verge TS Pro» modeliniň başlangyç bahasy 29 müň 900 dollardan, «TS Ultra» modeli bolsa 44 müň 900 dollardan başlaýar. Elektromotosiklleriň 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde ABŞ-daky alyjylara gowşurylyp başlanmagyna garaşylýar.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......