Örän akylly Siri garaşylandan öň çykar

  • 15.04.2025 23:23
  • 2k+

Apple kompaniýasy ozal Siri üçin iň uly täzelenmäni indiki ýyl çykarjakdygyny aýdypdy. Emma indi bolsa şol täzelenmäniň şu ýylyň dowamynda çykjakdygy mälim edildi. Bu barada «The New York Times» neşiri habar berýär.

Personalized Siri güýz paslynda peýda bolar. Belki-de bu täzelenme iPhone 17 hatary bilen bilelikde hödürlenip, onuň satuwlaryny ýokarlandyrmaga kömek eder. Ýatlatsak, gürrüň GPT emeli aň modeli esasynda düýpli täzelenen sesli kömekçi barada gidýär.
Apple-yň näme sebäpden howlukýandygy düşnükli. Bäsdeş kompaniýalar emeli aň mümkinçiliklerine güýçli maýa goýýarlar, Apple bolsa köp funksiýalary öň yglan edenem bolsa, häzire çenli olaryň köpüsi halk köpçüligine ýetirilmedi.
Şeýle-de iOS 19-da hem uly täzelenmeler bolar. Personalized Siri-niň şu ýyl iOS 19 bilen bilelikde hödürlenmegi bu täzelenmäniň ähmiýetini has hem artdyrar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......