Bloomberg: Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac-leriň interfeýslerine uly üýtgeşmeleri girizer

  • 13.03.2025 14:44
  • 1.6k+

Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac-laryň interfeýsleri üçin uly täzelenmäni taýýarlaýar. «Bloomberg» neşiriniň žurnalisti Mark Gurmanyň habaryna görä, üýtgeşmeler ikonkalaryň stilini, menýulary, penjireleri we ulgam düwmelerini öz içine alar.

Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kompaniýa nawigasiýany ýönekeýleşdirmäge we dürli enjamlaryň interfeýslerini biri-birine meňzeş etmäge çalyşýar. Häzirki wagtda macOS, iOS we visionOS-yň dizaýn elementleri tapawutlanýar. Täze dizaýn esasan Vision Pro garyşyk hakykat garniturasy üçin döredilen programma üpjünçiligine esaslanýar.
Gurman meýilleşdirilýän täzelenmäni Apple-yň taryhyndaky iň uly üýtgeşmelerden biri hökmünde häsiýetlendirdi. Mac üçin bu Big Sur (2020) çykany bäri iň möhüm üýtgeşme bolar, iPhone üçin bolsa iOS 7 (2013) çykan gününden bäri iň uly täzelenme hasaplanýar.
Täze ulanyjy interfeýsiniň işlenip taýýarlanylmagyna Apple-yň interfeýs dizaýny boýunça wise-prezidenti Alan Daý ýolbaşçylyk edýär. Hut onuň ýolbaşçylygynda Apple Watch üçin operasion ulgam we iOS 7 döredilipdi.
Täzelenmäniň iýun aýynda geçiriljek Bütindünýä işläp düzüjiler konferensiýasynda (WWDC) tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Üýtgeşmeler iOS 19, iPadOS 19 we macOS 16 operasion ulgamlaryna giriziler.
Apple kompaniýasy bu mesele boýunça düşündiriş bermekden saklandy.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...