16-njy aprelde Ýerde magnit hadysalarynyň bolmagyna garaşylýar

  • 15.04.2025 22:22
  • 5k+

16-njy aprelde Ýerde magnit tupanlary bolar diýlip çaklanylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň web sahypasynda aýdylýar.

Laboratoriýanyň berýän habaryna görä, duşenbe güni aşgabat wagty bilen sagat 12: 00-da Günüň üstünde M4.3 derejeli alaw hasaba alyndy.

"16-njy aprelde, çarşenbe güni bolmagy çaklanylýan G1-G2 derejeli magnit tupanlary bu hadysanyň iň göze ilýän netijesi bolmaly" - diýip, habarda aýdylýar.

Magnit tupanlarynyň derejesi bäş derejeli şkalada bahalandyrylýar, bu ýerde G1 “gowşak” tupany, G5 bolsa “aşa güýçli” diýmekdir. Çarşenbe güni garaşylýan tupan "aram" derejeli bolar.
Hepdäniň ahyrynda Günüň esasy işjeň merkezleriniň biri bolan №4055-iň  işjeňleşendigi bellendi. Netijede, alawyň işjeňligi birden ýokarlandy. Iki günüň dowamynda 39 alaw hasaba alyndy, olaryň deň ýarysy diýen ýaly M kategoriýa degişlidir.


11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...