Beýik Britaniýada Aladdin baradaky wakanyň esasynda horror düşüriler

  • 15.04.2025 22:35
  • 5.1k+

Beýik Britaniýada maý aýynda “Aladdin: Maýmyn penjesi” (Aladdin: The Monkey’s Paw) indi-horrory düşürilip başlanar. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.

Sýužet Londonyň Aladdin atly häzirkizaman ýaşaýjysy barada gürrüň berer. Ol, rowaýatlara görä, islegleriňi hasyl edýän gadymy maýmyn penjesini miras alýar. Ýöne her bir isleg elhenç netijelere getirýär – artefakt aýdylan isleglerden güýç alyp, näletleýär.
Filmiň režissýory Bredli Straýker bolar. Öň ol “Elhenç-3-de” surata düşdi we “Ýylgyryşlar ýurdy” horroryna režissýorlyk etdi. Bu taslamada hem ol esasy keşpleriň birini ýerine ýetirer. Onuň bilen bilelikde filme Nik Sagar, Riki Norwud we Montana Menning gatnaşar.
Taslama Empire Studios, Every Entertainment we 8th Law Pictures studiýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýär. Ssenarini Çarli MakDugall ýazdy.

“Biz hemişe elhençligi şahsy tejribämiz arkaly görkezmek isledik – diňe bir gorkyny däl, eýsem adam islegleriniň bahasyny görkezmek isledik. Bu waka köpden bäri günümize goýmady, indi ony çykarmagyň wagty geldi. Iň gowy elhençlik filmleri titrlerden soň hem seniň bilen galýar – bu waka hem şolar ýaly. Ol ýeterlik derejede ýiti, täsirli we ýowuz. Biz ýönekeý bir nobatdaky horrory döretmeýäris – biz hakyky güýçli pikiriň töwereginde tutuş bir dünýäni gurýarys. Penje, mifologiýa, personažlar – hemmesi ýerinde” – diýip, MakDugall belledi.


21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....