Disney Illusion Island oýny 30-njy maýda PS5, Xbox Series we PK-da çykar

  • 15.04.2025 18:15
  • 1.7k+

Ilkinji gezek 2023-nji ýylyň iýulynda çykan Disney Illusion Island oýny 30-njy maýda PlayStation 5, Xbox Series X/S konsollarynda we PK-da (Steam, GOG, Microsoft Store) elýeterli bolar.

Oýunçylara dört sany belli gahrymandan birini – Mikki Mausy, Minni Mausy, Donald Daky ýa-da Gufini saýlamak we Monat adasy boýunça syýahata ugramak teklip edilýär. Olar adany howpdan halas etmeli.
Oýun birbada dört gatnaşyjynyň topar bolup oýnamagyna mümkinçilik berýär. Her bir personažyň toparlaýyn oýunda kömek edýän özboluşly başarnyklary bar.
Täze platformalar üçin oýun wersiýasy ozal çykan Keeper Up we Mystery in Monoth täzelenmesini hem-de täze Cave Adventuring Scavenger Hunt (C.A.S.H.) goşundysyny öz içine alýar. Onda Skruj MakDak we gizlin hazynalary tapmaga mümkinçilik berýän täze “Dig” ukyby peýda bolar.
Metacritic-de oýun 10-dan 7 bal aldy. Taslamanyň sahypasy eýýäm Steam-de elýeterli. PlayStation we Xbox üçin nusgalar 30-njy maýda Demirgazyk Amerikada we 27-nji iýunda Ýewropada satuwa çykar.


06.06.2026 20:43
3.6k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

03.06.2026 22:59
2.6k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

02.06.2026 17:31
1.4k+

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....

20.05.2026 10:06
2.2k+

Disney ýüzi tanamak tehnologiýasy sebäpli köpçülikleýin şikaýat bilen ýüzbe-ýüz boldy

Disneyland we Disney California Adventure tematiki seýilgählerinde ýüzi tanamak ulgamynyň ulanylmagy sebäpli Disney kompaniýasynyň üstünden köpçülikleýin şikaýat arzasy berildi. Şikaýatçylar seýilgählere......