HMD Global Nokia-nyň düwmeli telefonlaryny dikeldýär

  • 15.04.2025 12:54
  • 4.4k+

HMD Global Nokia brendi astynda täze düwmeli telefonlar hataryny çykarmaga taýýarlanýar. Bu kompaniýanyň fin brendi bilen baglaşan ygtyýarnama şertnamasynyň 2026-njy ýylda tamamlanmazyndan öň bolup geçer. Bu barada «GizmoChina» neşiri habar berýär.

Kompaniýa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli birnäçe täzeden çykarylan modeli hödürlemegi meýilleşdirýär. Olaryň arasynda Nokia 3510 4G, Nokia 150 Music we Nokia 8310 4G ýaly modeller bar. Olar 2000-nji ýyllaryň başynda meşhur bolan telefonlary ýada salar. Modelleriň haçan satuwa çykaryljakdygy entek belli däl.
2025-nji ýylda HMD Global Nokia brendinden aýrylyp başlady. Kompaniýa bu brendiň astynda smartfon öndürmegi bes edip, esasy ünsüni öz enjamlarynyň hataryny ösdürmäge gönükdirdi.
Täze düwmeli telefonlar Nokia bilen hyzmatdaşlygyň soňky tapgyrynda nostalgiýaly hataryň bir bölegi bolar.


13.03.2025 09:27
3.4k+

Hyzmat ediş çäginden daşda: Nokia Aýdan ilkinji telefon jaňyny edip bilmedi

Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasy Aýdan ilkinji telefon jaňyny amala aşyrmak synanyşygynyň şowsuz bolandygyny habar berdi. Munuň üçin zerur enjamlar Intuitive Machines kompaniýasynyň IM2 missiýasy bilen Athena gonuş...

22.01.2025 17:51
6.1k+

Nokia öz telefonlarynyň we işläp taýýarlamalarynyň sanly muzeýini işe girizdi

Nokia öz telefonlaryna we işläp taýýarlaýyşlaryna bagyşlanan renderleri, suratlary we wideomateriallary öz içine alýan ýüzlerçe eksponatly onlaýn arhiwini işe girizdi diýip, Wired habar berýär. Nokia Design Archive...

16.01.2025 13:55
4.7k+

Köne Nokia-lardaky «Ýylan» oýny dünýäde iň kiçi göwrümli oýun boldy: ony 56 baýta sygdyrdylar

Donno2048 lakamy bilen tanalýan işläp düzüji 1998-nji ýylda Nokia 6110 telefony üçin döredilen meşhur «Змейка» (Ýylan) oýnunyň minimalistik görnüşini taýýarlady. Programmanyň umumy göwrümi bary-ýogy 56 baýt bolup...

03.11.2024 07:44
5.2k+

HMD ekrany ulaldylan täze Nokia 110 4G düwmeli telefonyny çykardy

HMD Global kompaniýasy täze Nokia 110 4G düwmeli telefonyny hödürledi. 2024-nji ýylyň modeli baradaky jikme-jiklikler öndürijiniň resmi web sahypasynda paýlaşyldy. Täze önüm diagonaly 1,77 dýuým bolan öňki modelleriň...