Köne Nokia-lardaky «Ýylan» oýny dünýäde iň kiçi göwrümli oýun boldy: ony 56 baýta sygdyrdylar

  • 16.01.2025 13:55
  • 4.7k+

Donno2048 lakamy bilen tanalýan işläp düzüji 1998-nji ýylda Nokia 6110 telefony üçin döredilen meşhur «Змейка» (Ýylan) oýnunyň minimalistik görnüşini taýýarlady. Programmanyň umumy göwrümi bary-ýogy 56 baýt bolup, bu ony QR koda ýerleşdirmäge hem mümkinçilik berýär diýip, TechSpot habar berýär.

MS-DOS üçin taýýarlanan bu oýun iň kiçi arkada oýunlarynyň biri hasaplanýar. Mysal üçin, ýönekeý Hello World programmasy 10 kilobaýt, Pac-Man bolsa 12 kilobaýt göwrüminine eýe. Emma Donno2048-iň oýny juda az göwrümde uly mümkinçilikleri görkezýär.
Göwrüminiň kiçeldilmegi sebäpli oýunda çäklendirmeler bar. Ýylan diňe üç bölekden ybarat we yzyna hereket edilse, oýun gutarýar. Dogrusy, bu ýagdaý oýny has-da kynlaşdyrmak üçin edilen bolmagy ahmal.
Oýun DOSBox we web emulatýorlarynda kadaly işleýär. Emma hakyky MS-DOS ulgamynda oýun has çalt bolup biler. Donno2048 bu derejedäki optimizasiýa ýetmek üçin Crinkler ýaly gurallary ulanypdyr. Oýnuň onlaýn görnüşini oýnap görmek üçin şu salga basyň.


15.04.2025 12:54
4.4k+

HMD Global Nokia-nyň düwmeli telefonlaryny dikeldýär

HMD Global Nokia brendi astynda täze düwmeli telefonlar hataryny çykarmaga taýýarlanýar. Bu kompaniýanyň fin brendi bilen baglaşan ygtyýarnama şertnamasynyň 2026-njy ýylda tamamlanmazyndan öň bolup geçer. Bu barada «GizmoChina» neşiri habar...

13.03.2025 09:27
3.4k+

Hyzmat ediş çäginden daşda: Nokia Aýdan ilkinji telefon jaňyny edip bilmedi

Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasy Aýdan ilkinji telefon jaňyny amala aşyrmak synanyşygynyň şowsuz bolandygyny habar berdi. Munuň üçin zerur enjamlar Intuitive Machines kompaniýasynyň IM2 missiýasy bilen Athena gonuş...

22.01.2025 17:51
6.1k+

Nokia öz telefonlarynyň we işläp taýýarlamalarynyň sanly muzeýini işe girizdi

Nokia öz telefonlaryna we işläp taýýarlaýyşlaryna bagyşlanan renderleri, suratlary we wideomateriallary öz içine alýan ýüzlerçe eksponatly onlaýn arhiwini işe girizdi diýip, Wired habar berýär. Nokia Design Archive...

03.11.2024 07:44
5.2k+

HMD ekrany ulaldylan täze Nokia 110 4G düwmeli telefonyny çykardy

HMD Global kompaniýasy täze Nokia 110 4G düwmeli telefonyny hödürledi. 2024-nji ýylyň modeli baradaky jikme-jiklikler öndürijiniň resmi web sahypasynda paýlaşyldy. Täze önüm diagonaly 1,77 dýuým bolan öňki modelleriň...