Hyzmat ediş çäginden daşda: Nokia Aýdan ilkinji telefon jaňyny edip bilmedi

  • 13.03.2025 09:27
  • 3.6k+

Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasy Aýdan ilkinji telefon jaňyny amala aşyrmak synanyşygynyň şowsuz bolandygyny habar berdi. Munuň üçin zerur enjamlar Intuitive Machines kompaniýasynyň IM2 missiýasy bilen Athena gonuş modulynda Ýeriň hemrasyna iberilipdi.

Missiýa enjamyň gapdal ýatandygy we Gün panelleri arkaly energiýa alyp bilmeýändigi sebäpli, işini bes etdi.

“Nokia kompaniýasy gonuşdan soň Athena modulynyň Gün panelleriniň ugry bilen baglanyşykly uly energiýa çäklendirmeleri sebäpli, Aýda ilkinji öýjükli jaňy amala aşyryp bilmedi” – diýlip, beýanda aýdylýar.

Muňa garamazdan, öýjükli enjam, her niçigem bolsa, işe girizildi. Enjam 25 minut işläp, buýruklara jogap berdi.
Athena modulynyň gonuşy mart aýynyň başynda bolup, bu aýyň içinde Aýda hususy kompaniýanyň ikinji missiýasy boldy. 2-nji martda Firefly Aerospace hususy aerokosmos kompaniýasynyň Blue Ghost Mission 1 enjamy Aýa üstünlikli gondy.


19.05.2026 16:54
9.4k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

30.04.2026 12:08
1.8k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......