Nokia öz telefonlarynyň we işläp taýýarlamalarynyň sanly muzeýini işe girizdi

  • 22.01.2025 17:51
  • 6.1k+

Nokia öz telefonlaryna we işläp taýýarlaýyşlaryna bagyşlanan renderleri, suratlary we wideomateriallary öz içine alýan ýüzlerçe eksponatly onlaýn arhiwini işe girizdi diýip, Wired habar berýär.

Nokia Design Archive Finlýandiýanyň Aalto uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda döredilip, Nokia-nyň dürli ýyllarda ulanan dizaýn çözgütlerini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Onda, hatda hiç wagt amal bolmadyk nusgalara hem göz aýlap bolýar
Onlaýn portalda, takmynan, 700 eksponat bar. Şeýle-de bolsa, doly arhiw 20 000 eksponatdan ybarat. Şonuň üçin häzirki wagtda saýtda bar bolan zatlar “aýsbergiň diňe depesi” diýip, Nokia Design Archive-iň baş barlagçysy Anna Waltonen aýdýar.

Eksponatlaryň arasynda Winni Puh şekilindäki çaga telefonynyň modelini (1997-nji ýyl) we bilege uzalyp bilýän telefonyň konseptini (2009) tapyp bilersiňiz. Şeýle hem “Human Form” konsepti - sensor ekranyndaky şekilleriň teksturasyny “duýmaga” we yşaratlar arkaly enjamy dolandyrmaga mümkinçilik berýän smartfon görkezilýär.
Näbelli enjamlaryň konseptual modelleriniň arasynda kamera ýa-da proýektor ýaly görünýän gajet bar, onuň niýetlenen maksady syr bolmagynda galýar.

Arhiwde meşhur “Nokia” telefon modelleri, şol sanda “Ýylan” oýnunyň ilkinji gezek peýda bolan telefony Nokia 6110 hakda maglumatlar bar. Oýnuň gazanan üstünligi kompaniýany göçme oýun konsoly bolup hyzmat edip biljek telefon döretmäge ruhlandyrdy.
2016-njy ýyldan bäri Nokia brendine bolan hukuklar HMD Global-a degişlidir. Öň Nokia-nyň ykjam bölümini satyn alan Microsoft ony satdy we HMD Global bolsa  brendi, dizaýny we käbir patentleri ulanmak hukugyny aldy.
HMD Global ýaňy-ýakynda diňe öz HMD brendine geçip, Nokia brendi bilen smartfon satmagy bes etdi. Nokia telefonlary indi HMD-iň web sahypasynda "indi elýeterli däl" diýip bellenen, olaryň ornuna HMD-niň soňky çykan meňzeşleri teklip edilýär.


15.04.2025 12:54
4.4k+

HMD Global Nokia-nyň düwmeli telefonlaryny dikeldýär

HMD Global Nokia brendi astynda täze düwmeli telefonlar hataryny çykarmaga taýýarlanýar. Bu kompaniýanyň fin brendi bilen baglaşan ygtyýarnama şertnamasynyň 2026-njy ýylda tamamlanmazyndan öň bolup geçer. Bu barada «GizmoChina» neşiri habar...

13.03.2025 09:27
3.4k+

Hyzmat ediş çäginden daşda: Nokia Aýdan ilkinji telefon jaňyny edip bilmedi

Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasy Aýdan ilkinji telefon jaňyny amala aşyrmak synanyşygynyň şowsuz bolandygyny habar berdi. Munuň üçin zerur enjamlar Intuitive Machines kompaniýasynyň IM2 missiýasy bilen Athena gonuş...

16.01.2025 13:55
4.7k+

Köne Nokia-lardaky «Ýylan» oýny dünýäde iň kiçi göwrümli oýun boldy: ony 56 baýta sygdyrdylar

Donno2048 lakamy bilen tanalýan işläp düzüji 1998-nji ýylda Nokia 6110 telefony üçin döredilen meşhur «Змейка» (Ýylan) oýnunyň minimalistik görnüşini taýýarlady. Programmanyň umumy göwrümi bary-ýogy 56 baýt bolup...

03.11.2024 07:44
5.2k+

HMD ekrany ulaldylan täze Nokia 110 4G düwmeli telefonyny çykardy

HMD Global kompaniýasy täze Nokia 110 4G düwmeli telefonyny hödürledi. 2024-nji ýylyň modeli baradaky jikme-jiklikler öndürijiniň resmi web sahypasynda paýlaşyldy. Täze önüm diagonaly 1,77 dýuým bolan öňki modelleriň...