BMW ammarlardaky ulaglar sebäpli, Hytaýda 5 seriýasynyň bahasyny 35%-e çenli arzanlatdy

  • 15.04.2025 12:50
  • 6.7k+

BMW 5 seriýasyna degişli sedanlary Hytaýda uly arzanladyşlar bilen satuwa çykardy. «Autohome-yň» maglumatlaryna görä, ulaglaryň bahalary 35%-e çenli aşaklady. Indi bu modelleri, takmynan, 280 müň ýuana (takmynan, 34 müň ýewro ýa-da 38 müň dollara) satyn alyp bolýar.

Beýle uly arzanladyşyň esasy sebäbi, BMW-Brilliance zawodyndaky ammarlarda awtoulaglaryň aşa köp ýygnanyp galmagy boldy. Dilerler awtoulaglary tizräk satmak üçin, yzygiderli arzanladyşlary hödürleýärler. Mysal üçin, Pekinde kredit bilen awtoulag alanyňda, müşderi 160 müň ýuana (takmynan, 22 müň dollara) çenli pul tygşytlap biler, kredit boýunça göterimler bolsa, 26 müň ýuandan (takmynan, 3,5 müň dollardan) geçmeýär.
5 seriýasynyň hytaý wersiýasy teker bazasynyň 110 millimetr uzaldylanlygy we goşmaça opsiýalary bilen tapawutlanýar. Yzky tekerlerden herekete getirilýän «525Li» esasy modeliniň bahasy häzirki arzanladyş bilen 280 müň ýuan. 2024-nji ýylyň ýanwarynda onuň başlangyç bahasy 440 müň ýuandy (takmynan, 53 müň ýewro). Umuman, Hytaýda BMW 5 seriýasynyň bahasy Germaniýadakydan 40% arzan, sebäbi ol ýerde bu modeli 59 müň ýewrodan arzan satyn alyp bolmaýar.


5 seriýasynyň ähli görnüşleri boýunça arzanladyşlaryň möçberi 100-120 müň ýuan aralygynda (takmynan, 14-16 müň dollar). Şuňa meňzeş arzanladyşlar beýleki modellerde-de bar. 3 seriýanyň sedanlarynda arzanladyş 55%-e çenli ýetýär, «X3» krossowerleri bolsa ýyllyk 0% göterimli karz bilen hödürlenýär. «iX3» kysymly elektromobiller bolsa, islegiň pesligi sebäpli önümçilikden aýryldy.
2025-nji ýylyň birinji çärýeginde BMW-niň Hytaýdaky awtoulag satuwy 17% peseldi.




18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......