Türkmen türgenleri suwda ýüzmek, agyr atletika, uşu boýunça halkara ýaryşlarynda üstünlik gazandylar

  • 15.04.2025 01:02
  • 8.5k+

Türkmenistanyň türgenleri dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilen sport ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. "Türkmenistan" gazeti türkmen türgenleriň üstünlikleri barada habar berýär. 

5 — 10-njy aprel aralygynda Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde suwda ýüzmek boýunça dürli ýaşdaky türgenleriň arasynda halkara ýaryş geçirildi. 16 — 18 ýaşly türgenleriň arasynda suwda ýüzmegiň batterflaý görnüşi boýunça 50 metr aralyga ildeşimiz Dawid Akopýanyň görkezen netijesi hemmeleri haýran galdyrdy. Has takygy, Aşgabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy şu görnüş boýunça altyn medala mynasyp boldy hem-de ýaryşyň rekordyny täzeledi. Halkara ýaryşa dünýäniň 6 döwletinden 40 sany sport kluby, şeýle hem 500-den gowrak türgen gatnaşdy.
Agyr atletika boýunça ýurdumyzyň ýaş türgenleriniň 6 — 11-nji aprel aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen halkara ýaryşda gazanan üstünlikleri hem bellenilmäge mynasypdyr. Onda Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gülzada Hudaýberdiýewa 61 kilogram agram derejede çykyş edip, ştangany silterläp galdyrmakda bürünç, itekläp galdyrmakda kümüş, umumylykda hem kümüş medala mynasyp boldy. Şol ýaryşda 67 kilogram agram derejede çykyş eden paýtagtymyzdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Dawut Kakageldiýew ştangany itekläp galdyrmakda bürünç medaly eýeledi. Agyr atletika boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen bu ýaryşa 6 döwletden 90-a golaý türgen gatnaşdy.
5 — 10-njy aprel aralygynda Hytaýyň Jiangýin şäherinde uşu boýunça geçirilen dünýä Kubogynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Göwher Gowşudowa uşunyň sanda görnüşi boýunça kümüş medala eýe boldy. Ýeri gelende bellesek, söweş sportunyň bu görnüşi boýunça dünýä Kubogyny almak ugrunda geçirilen halkara ýaryşda 26 ýurda wekilçilik edýän 116 türgen özara ýaryşdy.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....