Kia-nyň Hindistandaky zawodyndan 900 sany hereketlendiriji ogurlanypdyr

  • 14.04.2025 15:34
  • 11k+

Kia-nyň Hindistanda ýerleşýän zawodynda uly göwrümli ogurlyk ýüze çykaryldy. Soňky bäş ýylyň dowamynda, zawodyň çäginden, takmynan, 900 sany hereketlendiriji ýitirim bolupdyr diýip, «Economic Times» neşiri habar berýär.

Polisiýanyň pikirine görä, bu ogrulyklara öňki we häzirki işgärleriň gatnaşan bolmagy mümkin. Derňew maglumatlaryna görä, olar öňünden ylalaşyp, resminamalary we gollary galplaşdyran bolmaly. Ilkibaşda hereketlendirijiler Tamilnad ştatyndan daşalanda ýitýändir öýdülipdi. Emma barlaglar, ýitirim bolmalaryň zawodyň içinde bolup geçendigini görkezdi.
Derňewi alyp barmak üçin üç sany ýörite topar döredildi. Polisiýanyň berýän maglumatlaryna görä, derňew işjeň dowam edýär, ýöne häzire çenli ogurlanan hereketlendirijileriň nirä äkidilendigi belli däl.
2019-njy ýylda açylan Kia zawody ýylda 300 müňden 400 müň aralygynda awtoulag öndürýär. Kompaniýanyň wekilleri bu ogrulyklaryň önümçilige täsir etmändigini belleýärler.
Hukuk goraýjy edaralar bolsa, şeýle uly göwrümli ogrulygyň nädip bäş ýyl töweregi ünsden düşüp galandygyny anyklamaga çalyşýarlar.


09.05.2026 12:43
3.2k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.8k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

18.04.2026 15:27
12k+

Hindistanda öndürilen wnedorožnik 406 tonnalyk otlyny ýerinden gozgady

JSW MG Motor India kompaniýasy özüniň MG Majestor wnedorožniginiň 406 tonnadan gowrak agramy bolan demir ýol düzümini ýerinden gozgap, dünýä rekordyny goýandygyny yglan etdi....