Öňdebaryjy däl, köpbilmiş: Nate atly söwda hyzmaty emeli aň diýip, adamlardan peýdalanypdyr

  • 14.04.2025 15:42
  • 4.6k+

Käbir kompaniýalar emeli aňy hakyky işgärleriň deregine ulanýan bolsa, käbirleri munuň tersini edýär. ABŞ-nyň Nate atly finteh startapy öňdebaryjy onlaýn söwda programmasyny döretdik diýip, aslynda, emeli aňyň ýerine hakyky adamlar bilen iş alyp barypdyr. Bu barada ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň resmi beýannamasynda aýdylýar.

Beýannamada aýdylmagyna görä, Nate atly hyzmat ulanyjylara internetde diňe «bir gezek basmak» arkaly söwda etmäge mümkinçilik berýärdi. Dükanyň sahypasynda hasaba durmagyň ýa-da şahsy maglumatlary girizmegiň geregi ýokdy. Satyn alynmaly harydyň web salgysyny paýlaşsaň, emeli aň sargydy awtomatiki ýerine ýetirýärdi. Emma hakykatda, şol «bir gezek basmak» diýilýän hyzmaty emeli aň däl-de, Filippinlerde ýerleşýän ýüzlerçe adamdan ybarat jaň merkeziniň işgärleri ýerine ýetirýän eken.
Kompaniýa çylşyrymly emeli aň algoritmlerini döretmegiň deregine, hakyky adamlary işe alyp, ulanyjylaryň ähli sargytlaryny el bilen ýerine ýetiripdir. Köp sanly maýadarlar bu hyzmaty onlaýn söwdanyň geljegi hökmünde görüp, millionlarça dollar maýa goýupdyr.
Kompaniýanyň esaslandyryjysy Albert Saniger hyzmatyň tas doly diýen ýaly awtomatlaşdyrylandygyny, diňe «seýrek ýagdaýlarda» adamlaryň işe goşulýandygyny öňe sürüpdir. Emma ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň geçiren derňewine görä, bu hyzmatda emeli aňyň asla ulanylmandygy, ýagny awtomatlaşdyryş derejesiniň 0%-digi ýüze çykypdyr. Ahyrynda, Nate maliýe taýdan çökgünlige sezewar bolup, 2023-nji ýylyň ýanwarynda öz emläklerini satmaga mejbur bolupdyr. Netijede, maýadarlar uly zyýan bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr.
Bu waka – ýüze çykyp duran aýratyn bir ýagdaý däl. «Emeli aň çözgütleri» şygary astynda beýleki käbir startaplar hem, aslynda, hakyky adamlar bilen iş alyp barýarlar. Mysal üçin, 2023-nji ýylda emeli aň kafesi diýlip atlandyrylan bir ýerde hem emeli aňyň ýerine filippinli işgärleriň işleýändigi ýüze çykarylypdy.


düýn 00:57
4.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....