Hytaýyň Unitree kompaniýasy robotlaryň boks ýaryşyny guraýar

  • 14.04.2025 14:46
  • 2.6k+

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy iki sany gumanoid robotyň arasynda boks ýaryşynyň geçiriljekdigini bildiriş etdi. Çäre takmynan ýene bir aýdan geçer we göni ýaýlymda görkeziler.

Söweşiň, hatda şygary hem bar: "Demir ýumrugyň şasy - Unitree: Galkynyş!" Täze wideoda Unitree boýy 1,32 metr bolan G1 robotynyň ringde türgenleşýän pursadyny görkezdi. Megerem, ol söweşe gatnaşyjylaryň biri bolmaly. Şeýle hem kompaniýa boýy has beýik - 1,80 m bolan H1 robotyny söweşe gatnaşdyryp biler.
G1 roboty eýýäm Hytaýda satylyp başlandy. Onuň agramy takmynan 47 kg, iň ýokary ýük göterijiligi 2 kg. G1 lidarlar we daş-töweregi skanirlemek üçin iki sany çuňluk datçigi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol haýal ylgawa barabar sagatda 7,2 km tizlik bilen hereket edýär. Sygymy 9000 mAh bolan batareýa iki sagada çenli işlemegini üpjün edýär.
Unitree-niň maglumatlaryna görä, G1 sekiz ýadroly ýokary öndürijilikli prosessoryň kömegi bilen öwrenmäge ukyply. Şeýle hem, robot Wi-Fi-ýy we Bluetooth-y goldaýar.


düýn 11:17
3.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....