Microsoft ýubileý Surface noutbugyny tanyşdyrdy. Ony satyn alyp bolmaýar

  • 14.04.2025 13:18
  • 2k+

Microsoft korporasiýasy esaslandyrylmagynyň 50 ýyllygy mynasybetli, ýadygärlik hökmünde Surface noutbugynyň çäklendirilen ýörite görnüşini taýýarlady. Bu enjam diňe Instagram-da geçirilýän konkursa gatnaşan 50 adama sowgat berler diýip, «PCWorld» habar berýär.

Eksklýuziw model adaty Surface noutbuklardan tapawutlanýar: adatça, noutbugyň gapagyndaky Windows nyşany korpusyň reňkine laýyklykda ýasalýar – meselem, enjam gara reňkde bolsa, nyşanam gara bolýar. Ýubileý üçin taýýarlanan görnüşde bolsa, nyşan altyn reňk bilen bezelen we düýpgöter tapawutly görünýär. Noutbugyň içki böleginde hem aýratyn bir detal bar – ol hem Microsoft-yň 1975-nji ýyldaky nyşanydyr.
Microsoft 50 sany «Surface Laptop 50th Anniversary» enjamyny Instagram-da konkurs arkaly paýlaýar. Konkursa diňe ABŞ-nyň we Puerto-Rikonyň ýaşaýjylary gatnaşyp bilerler. Ol 16-njy aprele çenli dowam eder. Konkursa gatnaşmak isleýänler «Ýolda Surface» (Surface on-the-go) mowzugynda bir suratyny öz sahypalarynda paýlaşmaly. Gatnaşýan adamda Surface enjamy bolmaly ýa-da ony birinden wagtlaýyn almaly bolar. Şeýle-de Surface sahypasyny yzarlamaly we paýlaşylan surata ýörite heştegleri goşmaly.
Enjamyň tehniki häsiýetleri barada maglumat berilmeýär.


23.02.2026 13:14
1.3k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
892

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...