Hytaý 2028-nji ýylda Aýda ýerli toprakdan kerpiç çap eder

  • 14.04.2025 13:27
  • 3.6k+

Hytaý Aýy özleşdirmek boýunça uly ädim ädýär: 2028-nji ýylda «Çanýe-8» (Chang’e 8) missiýasy Aýyň ýüzündäki toprakdan 3D çap usuly arkaly kerpiç çap etmegi synagdan geçirer. Bu tehnologiýa Hytaýyň 2030-njy ýyllarda gurmagy meýilleşdirýän Halkara Aý ylmy-barlag stansiýasynyň (ILRS) gurluşygynyň esasyny düzüp biler diýip, «Space.com» neşiri habar berýär.

Hytaýly alymlar tarapyndan işlenip düzülen enjam Günüň şöhlesini optiki süýüm arkaly jemläp, topragy 1400-1500°C-ä çenli gyzdyrýar. Erän material soňra dürli ölçegli kerpiçlere öwrülýär. «Ýerli çeşmeleri ulanmak» diýlip atlandyrylýan bu usul, materiallary Ýerden Aýa eltmek boýunça ýokary çykdajylaryň öňüni almaga mümkinçilik döreder. Aýyň topragy, ýagny regolit gurluşyk üçin peýdaly minerallara baýdyr.
«Çanýe-8» missiýasy – ilkinji synag däl. Hytaý mundan ozal hem Aýyň topragyna meňzeş materialdan ýasalan kerpiçleriň nusgalaryny Tiangong kosmos stansiýasyna iberipdi. Olar şol ýerde üç ýyl bäri kosmosyň kyn şertlerinde synagdan geçirilýär. Synaglarda gazanylan üstünlik materialyň radiasiýa we ýokary temperaturadaky üýtgeşmelere garşy çydamlydygyny görkezdi. «Çanýe-8» missiýasy şeýle-de geljekde guruljak bazalar üçin tehnologiýalary synap görer, şol sanda Aýyň günorta polýusynda suw gözlemek işini hem amala aşyrar.


düýn 17:37
1.8k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
2k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......