Hindistanda iPhone öndürmek üçin täze zawod gurulýar

  • 14.04.2025 13:31
  • 2.6k+

Apple-yň smartfon we planşet önümçiligi boýunça esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Taýwanyň Foxconn Technology Group kompaniýasy Hindistanyň Bangalor şäherinde täze zawod gurýar. Bu zawod 1,2 million inedördül metr meýdany bilen Foxconn-yň Hytaýdakydan soň iň uly ikinji zawody bolar diýip, «Handelsblatt» neşiri habar berýär.

«Project Elephant» taslamasynyň şu ýylyň dowamynda işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Täze zawod arkaly, Hindistanda öndürilýän iPhone-laryň sanyny ýylyň ahyryna çenli iki esse artdyryp, ýylda 25-30 milliona ýetirmek meýilleşdirilýär.
ABŞ-nyň Hytaýdan getirilýän harytlara salynýan gümrük paçlarynyň möçberini 145%-e çenli ýokarlandyrandygy sebäpli, bu ädim Apple-a kömek edip biler. Sebäbi Hindistandan getirilýän harytlara 26% möçberde gümrük pajy salynýar we ol hem 90 günlük yza süýşürildi. «Reuters» neşiriniň habaryna görä, Apple Hindistandaky Foxconn zawodynyň önümçiligini artdyrmak üçin, işçileriň sanyny köpeldip, ýekşenbe günleri hem çalşykly işleri eýýämden ýola goýdy.
Ýatlatsak, Apple gümrük paçlary güýje girizilmänkä, Hindistandan ABŞ-a bäş sany uçarda iPhone we beýleki enjamlaryny iberipdi. Analitikleriň pikirine görä, täze nyrhlar sebäpli, ABŞ-da iPhone-laryň bahalary 43% ýokarlanyp, 2,3 müň dollara ýetip biler, eger-de önümçilik ABŞ-a geçirilse, bir modeliň bahasy 3,5 müň dollara çenli hem baryp biler.


düýn 22:08
1.2k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....