Apple gümrük pajy girizilmänkä Hindistandan ABŞ-a 5 uçar iPhone iberdi - The Times of India

  • 09.04.2025 23:21
  • 12k+

Apple korporasiýasy mart aýynyň soňky üç gününde Hindistandan ABŞ-a iPhone we beýleki tehnika bilen 5 sany ýük uçaryny iberdi. Kompaniýa ABŞ-nyň Prezidenti tarapyndan täze gümrük haklarynyň girizilmeginiň täsirini gowşatmaga howlukdy diýip, Hindistandan ýokary wezipeli döwlet işgärine salgylanyp, The Times of India habar berýär. Bu paçlar aprel aýynda güýje giripdi.

Şeýle-de, žurnalistleriň maglumatlaryna görä, mart aýynda korporasiýa Hytaýdaky kärhanalardan hem önümleriň iberilmegini çaltlaşdyrdy.
Çak edilişine görä, beýleki ýurtlardan ABŞ-a getirilen goşmaça tehnika toplumlary Apple-e öz önümleriniň bahasyny birbada ýokarlandyrmazlyga mümkinçilik berer: Apple-iň ABŞ-daky ammarlarynda haryt ätiýaçlygy birnäçe aýa ýeterlik bolmaly. Rosenblatt Securities-iň maglumatlaryna görä, şondan soň ABŞ-da iPhone-yň bahasy 43% ýokarlanyp biler.
Paçlaryň ýokarlanmagyndan öň harytlary köpçülikleýin satyn almaklyk beýleki amerikan kompaniýalaryna hem täsir etdi. Xeneta-nyň hasaplamalaryna görä, martyň soňky hepdelerinde Hytaýdan ABŞ-a gyssagly awia-eltip berme hyzmatynyň bahasy 37% ýokarlandy.
Donald Tramp aprel aýynyň başynda dünýäniň ähli döwletleri üçin diýen ýaly täze paçlary girizdi. ABŞ-nyň Prezidenti ýurduň “onýyllyklaryň” dowamynda beýleki ýurtlaryň “biziň önümlerimize ýokary nyrhlary goýan wagty”, bu ýurtlar bilen gatnaşykda söwda päsgelçiliklerini gowşadandygyny belledi. Şeýle-de, ABŞ-nyň paçlary peseltmek barada Wýetnam, Ysraýyl we Hindistan bilen gepleşiklere başlandygy habar berildi. 


düýn 22:08
1.2k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......