Microsoft «Word», «Excel» we «PowerPoint» programmalarynyň täze nyşanlaryny görkezdi

  • 13.04.2025 23:40
  • 2.6k+

Microsoft korporasiýasy Word, Excel we PowerPoint programmalarynyň nyşanlaryny täzelemegi göz öňünde tutýar. Kompaniýa ulanyjylara soragnama ugradyp, täze nyşanlar baradaky pikirlerini toplady diýip, «The Verge» neşiri habar berýär.

«Biz Microsoft-da önümlerimizi hemişe kämilleşdirmäge hem-de size hakykatdanam ýarajak ulanyjy tejribesini döretmäge çalyşýarys» — diýip, kompaniýanyň hatynda bellenilýär. Soragnama, takmynan, 15 minut wagt alýar we nyşanlaryň täze taslamalaryny bahalandyrmaga mümkinçilik berýär.

Täze nyşanlar häzirki görnüşlerinden has täsirli dizaýny bilen tapawutlanýar. Soňky ýyllarda giňden ulanylan tekiz stiliň ýerine, bu gezek çuňluk duýgusyny döredýän köp gatly elementler ulanylypdyr. Bu usul her nyşany has özboluşly edýär. Häzirki nyşanlaryň biri-birine meňzeşligi sebäpli, ozal käbir tankytlara sezewar bolandygyny göz öňünde tutsak, bu möhüm özgertme bolup durýar.
Microsoft nyşanlaryny soňky gezek 2018-nji ýylda täzeläpdi. Şonda döwrebap minimalizm elementleri girizilipdi. Täze nyşanlaryň esasynda Microsoft-yň beýleki programmalarynda, şol sanda Windows 11-de ulanylýan 3D emodžilerde we gara reňkli tertibi goldaýan täzelenen giriş interfeýsinde peýdalanylýan Fluent 2 dizaýn dili durýar diýlip çaklanylýar.
Täze nyşanlaryň resmi taýdan ulanyşa haçan giriziljekdigi mälim edilmedi.


17.03.2026 20:39
708

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...