Daniýada dünýäniň iň güýçli V12 hereketlendirijisi tanyşdyryldy

  • 13.04.2025 17:20
  • 10k+

Daniýanyň Zenvo Automotive kompaniýasy «Aurora» giperkary üçin niýetlenen «Mjølner» atly 6,6 litrlik V12 hereketlendirijisini tanyşdyrdy. Bu barada «Interesting Engineering» neşiri habar berýär.

«Mjølner» dört sany turbokompressor bilen enjamlaşdyrylan we 1250 at güýjüni öndürýär. Oňa her biri 200 at güýjüni öndürýän bir ýa-da üç sany elektromotory goşmak hem mümkin. Bu bolsa onuň umumy kuwwatyny 1850 at güýjüne ýetirýär.
Zenvo Automotive kompaniýasy «Mjølner-iň» ýol ulaglary üçin niýetlenen iň güýçli V12 hereketlendiriji bolup durýandygyny belleýär. Şeýle güýçli netije innowasion tehnologiýalaryň we kuwwatly turbokompressorlaryň utgaşdyrylmagy bilen gazanyldy.
Bu hereketlendiriji üçin işlenip düzülýän «Aurora» giperkary kompaniýanyň esasy taslamasy bolar we awtoulag pudagyndaky täze mümkinçilikleriň öňüni açar. Zenvo Automotive işläp düzen hereketlendirijisiniň ýol awtoulaglarynda nämeleriň mümkin bolup biljekdigi baradaky düşünjeleri üýtgetjekdigine ynanýar.


düýn 19:58
845

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......

düýn 19:49
1.5k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

düýn 16:58
1.6k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
5.6k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....