«Ýetginjeklik döwri» Netflix-de iň köp görlen iňlis dilli taslamalaryň arasynda 4-nji orny eýeledi

  • 13.04.2025 17:04
  • 2.8k+

«Ýetginjeklik döwri» (Переходный возраст) mini-serialy Netflix-iň iň meşhur iňlis dilli seriallarynyň arasynda dördünji orna çykdy. 9-njy aprel ýagdaýyna görä, oňa 114,5 million gezek tomaşa edildi diýip, «Deadline» habar berýär.

Mysal üçin, «Monstr: Jeffri Dameriň hekaýaty» (Монстр: История Джеффри Дамера) atly seriala 115,6 million gezek tomaşa edilipdi. «Ýetginjeklik döwri» bu görkeziji boýunça tas Damer barada gürrüň berilýän seriala ýetdi we ähtimal ýakyn wagtda ondan hem öňe geçer.
«Ýetginjeklik döwri» serialynyň wakalary 13 ýaşly Jeými Milleriň tussag edilmeginden soň düýpgöter üýtgeýän maşgalanyň töwereginde bolup geçýär. Ol synpdaş gyzyny öldürmekde günäkärlenýär. Ýetginjek oglanjygyň ene-atasy agyr synag bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Wakanyň asyl sebäbini anyklamak üçin işe aklawçy, psihologlar we beýleki hünärmenler goşulýar.
Serial diňe bir bu işiň hukuk we psihologik taraplaryny däl, eýsem jemgyýetiň we ýakynlarynyň şeýle agyr aýyplamany nähili kabul edýändigini hem görkezýär.


düýn 22:06
370

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......