Intuitive Machines bilen Firefly-yň Aýa üstünlikli gonmagy pudaga uly täsir etdi

  • 12.04.2025 17:45
  • 2.1k+

Kolorado-Springs şäherinde (ABŞ) geçirilen 40-njy kosmos simpoziumynda Intuitive Machines, Firefly we ispace kompaniýalary Aýa täjirçilik maksatly uçuşlara bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny mälim etdiler.

Olaryň bellemegine görä, 6-njy martda Aýa üstünlikli gonan Intuitive Machines-iň IM-2 gonuş moduly, Aýa hususy uçuşlaryň diňe NASA üçin däl, eýsem bütin dünýädäki kompaniýalar üçin hem uly gyzyklanma döredip bilýändigini görkezdi.
Missiýanyň maliýeleşdirilişiniň 90%-i Aýa hususy uçuşlary höweslendirmek üçin döredilen Commercial Lunar Payload Services (CLPS) maksatnamasy arkaly, NASA tarapyndan üpjün edildi. Galan 10%-ini bolsa halkara hyzmatdaşlar – kosmos agentlikleri, uniwersitetler we dürli kompaniýalar üpjün etdi.

«Täjirçilik maksatly bazary eýýämden bar we örän çalt ösýär. Birnäçe agentlik bilen geljekki missiýalar üçin şertnamalary eýýämden baglaşdyk!» — diýip, Intuitive Machines-iň uly wise-prezidenti Trent Martin aýtdy.

Firefly kompaniýasynyň ýuriskonsulty Dewid Uiller bolsa, Aýa ýygy-ýygydan gonmagyň töwekgelçilikleri azalýandygyny, çykdajylary peseldýändigini we «baýlyklary gazyp almak ýaly täze mümkinçilikleriň gapysyny açýandygyny» aýtdy. Şeýle hem ol Aýdan toprak ýygnamagyň Aýdaky peýdaly minerallary öwrenmegiň ilkinji ädimi bolup biljekdigini aýtdy.
ispace kompaniýasynyň wekili Ananda Martin hem bu pikiri goldady.

«Toplanan maglumatlar diňe baýlyklary gazyp almak üçin däl, eýsem geljekde Aýda adamlaryň ýaşamagy üçin taýýarlyk görmäge hem kömek eder» — diýip, ol aýtdy.

Aýa bolan gyzyklanma özbaşdak 150 million dollarlyk missiýany geçirmäge güýji ýetmeýän halkara agentlikleriň arasynda barha artýar. Sebäbi, şeýle-de bolsa olar 10 million dollar tölemek bilen, gonuş moduly bilen uçjak kiçijik enjam ibermäge taýýar. Intuitive Machines eýýämden şuňa meňzeş birnäçe şertnama baglaşdy.
Şeýle-de kompaniýa SpaceX-iň Falcon 9 raketasyny satyn alyp, üç sany hemrany Aýa eltmegi teklip etdi: NASA-nyň Lunar Trailblazer atly hemrasy, Astroforge kompaniýasynyň asteroid gazyp almak üçin Odin hemrasy we Epic Aerospace-iň orbitadaky Chimera atly hemrasy. Bu ädim bolsa garaşylmadyk başga bir zerurlygy, ýagny Aýyň töwereginde aragatnaşyk meselesini ýüze çykardy.

«Bu hemralar bilen Aýyň orbitasynda aragatnaşyk guramak aňsat bolmady. Müşderiler maglumat geçiriş ulgamymyzy ulanmak üçin haýyş edip bize ýüzlendiler» — diýip, Trent Martin aýtdy.

Şeýlelikde, täze bir biznes pikiri – Aý kommunikasiýalary ýüze çykdy.


şu gün 10:37
320

NASA: Apofis asteroidi Ýer şaryna aragatnaşyk hemralaryndan hem ýakyn aralyga geler

2029-njy ýylyň 13-nji aprelinde Apofis asteroidi Ýerden 32 müň kilometr uzaklykda geçer. Bu aralyk köp sanly kosmos hemralarynyň orbitasyndan hem ýakyndyr....

düýn 12:14
6.3k+

Ýene birnäçe nesilden soň Marsda ýaşajak adamlaryň keşbi düýpli özgerer

Mars planetasynda uzak wagtlap ýaşamak ynsan anatomiýasyny düýpli üýtgeşmelere sezewar edip biler. Perm politehniki uniwersitetiniň dosenti, alym Wladislaw Nikitin hem bu hakynda özüniň ylmy çaklamalaryny öňe......

21.04.2026 22:51
3.6k+

Bir sagatda 23 ýyldyz: ertir gije iň işjeň meteor ýagyşynyň tomaşasy bolar

Ýakyn gijelerde Lirid meteor ýagyşynyň işjeňlik nokady ýetip gelýär. Bu asman şüweleňi 30-njy aprele çenli dowam eder, ýöne iň ýokary nokada 22-nji aprelden 23-nji aprele geçilýän gijede garaşylýar....

21.04.2026 15:36
6.6k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......